28.02.2024
8130
Sankt-Peterburgda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy bellenildi
Gündogaryň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Sankt-Peterburgdaky «Mekan» türkmen medeni jemgyýeti «Anima» bilim merkezi bilen bilelikde Sankt-Peterburgyň Milletler öýüniň we Sankt-Peterburgyň Hökümetiniň goldamagynda «Türkmenistan Magtymguly Pyragynyň beýik mirasy» atly interaktiw çäre gurady.
28.02.2024
6789
Owlak-guzy möwsümi gyzgalaňly dowam edýär
Ýurdumyzyň maldarlary üçin jogapkärli döwür bolan owlak-guzy möwsümi ýetip geldi. Bu hysyrdyly möwsüme ýurdumyzyň Gündogar sebitiniň maldarlary hem taýýarlykly geldiler.
28.02.2024
3736
Türkmenistanda Merkezi Aziýada we Günorta Kawkazda ygtyýarly ykdysady operatorlaryň özara ykrar edilmegi ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Merkezi edarasynda Bütindünýä gümrük guramasynyň Merkezi Aziýada we Günorta Kawkazda «Ygtyýarly ykdysady operatorlary» ykrar etmek boýunça gollanmalary iş ýüzünde durmuşa geçirilmek boýunça «tegelek stol» geçirildi.
28.02.2024
4783
Türkmenistan bilen Rumyniýa parlamentara gatnaşyklary pugtalandyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar
2024-nji ýylyň 27-nji fewralynda Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçihanasynyň binasynda Ilçi A. Annaýew parlamentara türkmen-rumyn dostluk toparynyň rumyn böleginiň başlygy Anketil-Karoli Kolçar bilen duşuşdy.
28.02.2024
4897
«Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy ýola goýýar
«Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň wekilleri bilen «Weichai Holding Co.Ltd» kompaniýasynyň Gazagystandaky direktory we söwda işleri boýunça dolandyryjysynyň arasynda göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi.
28.02.2024
6858
Jebel şäherinde täze halkara howa menziliniň gurluşygy depginli barýar
Şu ýyl Balkan welaýatynyň Jebel şäherinde sagatda 100 ýolagça hyzmat edip biljek täze halkara howa menziliniň gurluşygyny tamamlamak meýilleşdirilýär. Häzirki wagtda döwrebap tehnologiýalar ulanylyp, desgany gurmakda dürli hünärli hünärmenleriň 600-den gowragy zähmet çekýär.
28.02.2024
7585
Muzeý we kitaphana işgärleri ýaşlar üçin göçme sergi guradylar
Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanda nusgawy şahyryň döredijilik mirasynyň çeperçilik, ynsanperwerlik, ahlak taýdan gymmatyny we ýurduň ýaş neslini terbiýelemekdäki aýratyn ornuny beýan edýän dürli çäreler geçirilýär.
28.02.2024
4981
«RŽD Logistika» Aşgabatdaky medeni we seýilgäh toplumy üçin gurluşyk serişdelerini getirdi
Magtymguly Pyragynyň täze ýadygärligi we oňa ýanaşyk ýerleriň abadanlaşdyrylmagy, şeýle hem Aşgabadyň bir meýdançasynyň örtgüsi üçin Türkmenistana granit plitalar we bezeg elementler getirildi.
27.02.2024
7752
Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek — Türkmenistanyň täze başlangyçlarynyň ileri tutulýan ugry
Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň wekiliýeti şu ýylyň 11 — 14-nji fewraly aralygynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilen Bütindünýä hökümet sammitine gatnaşdy.
27.02.2024
6374
Birleşen Arap Emirliklerinde geçirilen Ýaşlar ligasy ýaryşynda türkmenistanly karateçiler iki bürünç medal gazandylar
Türkmenistanly türgenler Fujeýrada (Birleşen Arap Emirlikleri) geçirilen «Ýaşlar karate ligasy» halkara ýaryşynda iki bürünç medal gazandylar.