Ylym
21.09.2026
3934
TYA-nyň Taryh we arheologiýa institutynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli ylmy-amaly maslahat geçirildi
17-nji sentýabrda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň mejlisler zalynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramçylygyna bagyşlanyp «Garaşsyz Türkmenistan: berkararlygyň, bagtyýarlygyň, ösüşiň hem-de rowaçlygyň ýurdy» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.
19.09.2026
5005
Dabaraly maslahat: döwletimiziň daşary syýasat strategiýasynyň halkara giňişliginde ykrar edilmegi
Düýn ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna bolan döwlet saparynyň çäklerinde dostlukly ýurduň Songýungwan uniwersitetiniň “Syýasy ylymlaryň Hormatly Doktory” derejesiniň berilmegi mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi.
18.09.2026
3995
Türkmen talyplarynyň nobatdaky topary Hytaýyň ýokary okuw mekdeplerinde okuwyny dowam etdirer
Türkmenistanda Hytaý Halk Respublikasynyň ilçihanasynda döwlet talyp haklary maksatnamasynyň çäklerinde Hytaýyň ýokary okuw mekdeplerine üstünlikli kabul edilen türkmenistanly dalaşgärlere habarnamalary gowşurmak dabarasy geçirildi. Çärä geljekki talyplar we olaryň ene-atalary gatnaşdy. Bu dabara ýaşlaryň durmuşynda möhüm ädim bolmak bilen, iki ýurduň arasyndaky barha pugtalandyrylýan gatnaşyklaryň nyşanyna öwrüldi.
17.09.2026
4679
«Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitinde Türkmenistan ýaşlaryň bilim we ylym ulgamyndaky hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň tarapdary bolup çykyş etdi
Koreýa Respublikasyna bolan döwlet saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitinde çykyş edip, ylym we bilim ulgamyndaky gatnaşyklary çuňlaşdyrmak boýunça toplumlaýyn başlangyçlary öňe sürdi.
16.09.2026
3936
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri emeli aň, inženerçilik we energetika ugurlarynda Koreýanyň Songýungwan uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygyny giňeldýär
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde Koreýanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Songýungwan uniwersitetine baryp gördi.
15.09.2026
5354
Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan ýokary okuw mekdepleriň we mugallymlaryň reýting bahalandyrmasy düzüldi
Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan ýokary okuw mekdepleriniň reýting bahalandyrmasy her ýyl düzülýär. Bu reýting bahalandyrmasy bilim edaralaryny ylmyň dürli ugurlaryndaky kesgitli ölçegler boýunça tertipleşdirmäge mümkinçilik berýär.
15.09.2026
4932
Ozon gatlagyny goramagyň halkara güni mynasybetli makala ýazmak boýunça bäsleşik yglan edilýär
«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Ozon merkezi bilen bilelikde ýurdumyzyň orta mekdeplerinde bilim alýan 10-12-nji synp okuwçylarynyň hem-de talyp ýaşlaryň arasynda makala ýazmak boýunça bäsleşik yglan edýär.
15.09.2026
4289
Baýry ýokary okuw mekdebiniň şu güni we taryhy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda okamak, gurmak hem-de döretmek bagtyýar zamanamyzyň nurana keşbini kesgitleýär.
12.09.2026
3795
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde innowasiýalar we emeli aň boýunça halkara maslahatlar geçiriler
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde 2026-njy ýylyň oktýabr aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän birnäçe halkara ylmy-amaly maslahatlara taýýarlyk görmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdy.
10.09.2026
5406
Mekdep okuwçylarymyz mental hasaplamak boýunça dünýä çempionatynda ýokary netijeler görkezdiler
2026-njy ýylyň 5—7-nji sentýabry aralygynda Germaniýanyň Bielefeld şäherinde çagalaryň we ýetginjekleriň arasynda mental hasaplamak boýunça dünýä çempionaty («The Junior Mental Calculation World Championship 2026») geçirildi.