Ylym
27.01.2026
2259
Türkmenistanyň bilim ulgamynyň wekilleri AELLCA maksatnamasy boýunça Kembrijde hünär derejesini ýokarlandyrýarlar
Türkmenistanyň bilim ulgamynyň wekilleri 25-nji ýanwardan 1-nji fewrala çenli Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Kembrij şäherindäki Merkezi Aziýanyň ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçy düzümi üçin niýetlenen hünär derejesini kämilleşdiriş okuwyna gatnaşýarlar.
27.01.2026
2070
Aşgabatda matematika boýunça VI Açyk halkara olimpiada gatnaşjaklar hasaba alynýar
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti ýokary okuw mekdepleriň talyplarynyň arasynda VI Açyk halkara matematika olimpiadasyna (Open Mathematical Olympiad for University Students «OMOUS-2026») gatnaşjaklary jemleýär.
26.01.2026
2368
Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty talyplary nazary mehanika boýunça V halkara olimpiada çagyrýar
Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty Türkmenistanyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryny nazary mehanika dersi boýunça V Açyk halkara internet-olimpiadasyna çagyrýar.
26.01.2026
2175
Türkmenistandaky Fransuz instituty ýöriteleşdirilen dil okuwlaryna çagyrýar
Türkmenistandaky Fransuz instituty fransuz dili boýunça ýöriteleşdirilen okuwlary guraýar hem-de gyzyklanýan ähli diňleýjileri okuwa gatnaşmaga çagyrýar.
24.01.2026
2640
Türkmenistan 2026-njy ýylyň mart aýynda halkara talyp olimpiadalarynyň merkezine öwrüler
Sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň binýadynda iri halkara intellektual bäsleşikleriniň geçirilmegini goldady.
23.01.2026
2269
Hindi dili we Aýurweda okuw otaglary açyldy
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde hindi dili we Aýurweda okuw otaglary açyldy. Açylyş dabarasyna Hindistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň wekili Sibi Jorj, Hindistanyň Türkmenistandaky ilçisi Bandaru Wilsonbabu hem-de diplomatik wekilhananyň işgärleri gatnaşdylar.
22.01.2026
3637
Türkmen mugallymy Ýaponiýada «MIRAI» maksatnamasy boýunça maslahata gatnaşdy
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň mugallymy Döwletmyrat Berdiýew 14 – 19-njy ýanwar aralygynda ýapon hökümetiniň Merkezi Aziýa we Kawkaz ýurtlary üçin «MIRAI» maksatnamasynyň çäginde guran «Kanun hökmürowanlygy» atly maslahatyna gatnaşdy.
22.01.2026
3103
Türkmenistanly mugallym 2025-nji ýylda «GDA-nyň iň gowy mugallymy» diýlip ykrar edildi
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň atçylyk we seýisçilik kafedrasynyň ýaş mugallymy hem-de Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzasy Nowruzälem Gurdow Gazagystan Respublikasynyň Almaty şäherinde geçirilen «GDA-nyň iň gowy mugallymy – 2025» halkara bäsleşiginde ynamly ýeňiş gazandy.
22.01.2026
2754
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň Aziýanyň iň gowy uniwersitetleriniň sekizligine girizilmegi mynasybetli maslahat geçirildi
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde onuň halkara ähmiýetli üstünlik gazanmagy – ýokary okuw mekdebiň «THE Awards Asia 2026» atly abraýly baýragyň iň gowy uniwersitetleriň sekizligine girizilmegi mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi.
21.01.2026
2140
Ýurdumyzyň mugallymlary okuw-usulyýet maslahatyna çagyrylýar
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty «Mugallymlaryň hünär derejesini kämilleşdirmegiň döwrebap usullary: ylmy gözlegler we täze garaýyşlar» atly okuw-usulyýet maslahatyny guraýar.