Ylym
29.11.2024
4262
Türkmen ýokary okuw mekdebiniň wekilleri Minskde geçirilen halkara maslahatda çykyş etdiler
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň wekilleri M.Bekiýew we G.Orazdurdyýewa 28-nji noýabrda Belarusyň Informatika we radioelektronika uniwersitetinde bolup geçen «Elektronikada kompýuter taslamaçylygy» atly halkara ylmy we amaly maslahata gatnaşdy.
29.11.2024
5188
Türkmenistanly wekiller ýaş alymlaryň IV kongresine gatnaşdy
2024-nji ýylyň 27 – 29-njy noýabrynda Soçi şäherindäki «Sirius» federal çäkde ýaş alymlaryň «Ylmy-tehnologik ösüşiň ileri tutulýan ugurlary: geljegi şu gün döredýäris» diýen esasy mowzuk astynda IV kongresi bolup geçdi.
29.11.2024
8606
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty IV Açyk halkara fizika internet olimpiadasyny geçirer
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty Türkmenistanyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda IV Açyk halkara fizika internet olimpiadasyny geçirer.
29.11.2024
6568
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti matematika, fizika we informatika dersleri boýunça olimpiadalaryň ýeňijilerini yglan etdi
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň guramagynda ýurdumyzyň orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen ders bäsleşikleriniň netijeleri jemlenildi.
28.11.2024
5333
Türkmen-hytaý ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk merkezi dörediler
Aşgabatda tamamlanan «Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumynyň möhüm netijeleriniň biri-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň halkara ylmy-tehnologik parky bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hubeý welaýatynyň ylmy-tehniki alyş-çalyş merkeziniň arasynda Türkmen-hytaý ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk merkezini döretmek barada gol çekişilen özara düşünişmek baradaky Ähtnama boldy.
28.11.2024
13134
Türkmenistanda Hytaýyň we Wengriýanyň ýokary okuw mekdeplerinde okamak üçin dalaşgärlerden resminamalar kabul edilýär
Türkmenistanyň Bilim ministrligi Wengriýanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerinde 2025-2026-njy okuw ýyly üçin bakalawr maksatnamasy boýunça okamaga dalaşgärleri saýlaýar.
27.11.2024
3573
Türkmen-hytaý ylmy-innowasiýa forumynda hyzmatdaşlyk barada resminamalara gol çekildi
27-nji noýabrda paýtagtymyzda «Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumynyň ikinji güni geçdi.
27.11.2024
7613
Tebigaty öwreniş kitaby we edebiýat boýunça gollanma çap edildi
Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň teklibi boýunça mekdep okuwçylary üçin tebigaty öwreniş kitaby we edebiýat boýunça gollanma çykaryldy.
26.11.2024
5340
Türkmenistan — Hytaý: innowasion ösüşiň ýoly bilen
Şu gün Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda «Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumy öz işine başlady.
26.11.2024
7009
Türkmenistanda täze okuw kitaplary neşir edildi
Türkmenistanda ýurdumyzyň orta umumy bilim berýän mekdepleri we ýokary okuw mekdepleri üçin täze okuw kitaplary neşir edildi. Kitaplar Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň teklibi boýunça Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan çap edildi.