23.07.2026
3001
Özbegistanyň Aşgabatdaky ilçihanasynda ýurduň syýahatçylyk mümkinçilikleri we serhetüsti ugurlar bilen tanyşdyryldy
Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynda ýurduň syýahatçylyk pudagynyň depginli ösüşine bagyşlanan brifing geçirildi. Çärä Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň wekilleri, syýahatçylyk agentlikleriniň we kompaniýalarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem öňdebaryjy köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy.
23.07.2026
5215
Kitaplar dünýäsine wirtual syýahat: Türkmenistanda kitaphana ulgamynyň sanly özgertmeleri işjeň ösdürilýär
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan milli kitaphana ulgamyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak we bitewi elektron ulgamy döretmek häzirki döwrüň möhüm wezipeleriniň biri hökmünde kesgitlenildi.
23.07.2026
4894
Teatr işgärleri halkara tejribe alyş okuw hepdeligine gatnaşdylar
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda medeniýet we sungat işgärleriniň döredijilikli işlemekleri, kämil eserleri döretmekleri, daşary ýurtlarda geçirilýän halkara medeni çärelere gatnaşmagy hem-de uly üstünlikleri gazanmagy üçin ähli şertler döredilýär.
23.07.2026
4775
Türkmen talyplary Ýaponiýanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdebinde bir ýyllyk tejribelik okuwyny tamamlaýar
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň üç talyby Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetinde 2025-nji ýylyň 1-nji oktýabryndan 2026-njy ýylyň 31-nji awgusty aralygynda guralan bir ýyllyk okuw-tejribeligini üstünlikli tamamlaýar. Okuw sapary türkmen we ýapon ýokary okuw mekdepleriniň arasynda baglaşylan ylmy alyş-çalyş we hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnamanyň çäklerinde amala aşyrylýar.
23.07.2026
5257
Iki aýda üçünji altyn medal: 8 ýaşly tennisçi Alihan Nurýagdyýew Gazagystanda geçirilen ýene bir ýaryşda çempion boldy
Ýaş türkmen tennisçisi Alihan Nurýagdyýew halkara meýdançasynda özüni ynamly tanatmagyny dowam etdirýär. 2026-njy ýylyň 13 – 18-nji iýuly aralygynda Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde geçirilen 10 ýaşa çenli çagalaryň arasynda guralan abraýly halkara «Astana Masters 10&Under GA «Kubok Akima» Round to TOP 8» ýaryşynda «Aşgabat» tennis akademiýasynyň 8 ýaşly türgeni ýekelikdäki ýaryşda altyn medala, jübütleýin ýaryşda bolsa bürünç medala mynasyp bolup, öz ýaş toparynyň iň güýçli oýunçylarynyň biri hökmündäki derejesini ýene bir gezek tassyklady.
23.07.2026
3570
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Italiýa Respublikasynyň Prezidenti Serjio Mattarella şanly 85 ýaş toýy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
23.07.2026
3789
Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Müsür Arap Respublikasynyň Prezidenti Abdel Fattah Al-Sisä ýurduň milli baýramy — Ynkylap güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
22.07.2026
4160
Ýaş hünärmenleri taýýarlamak — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
Häzirki wagtda ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine resminamalary kabul etmek işi dowam edýär.
22.07.2026
3501
Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2026-njy ýylyň 22-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Kristin Hokins bilen duşuşyk geçirdi.
22.07.2026
5122
Türkmenistanyň wekilleri Malaýziýanyň «Petronas» kompaniýasynyň Tehnologik uniwersitetinde tejribelik geçýärler
14-nji iýuldan bäri Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary we mugallymlary Malaýziýanyň «Petronas» kompaniýasynyň Tehnologik uniwersitetinde tejribelik geçýärler.