09.01.2023
16048
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjileri üçin täze wideo okuw sapaklar toplumy taýýarlanyldy
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy ABŞ-nyň Halkara ösüş agentliginiň (USAID) «Döwlet dolandyryşyny kämilleşdirmäge ýardam bermek» taslamasynyň çäginde maglumat-kommunikasiýalar tehnologiýalary boýunça wideo okuw sapaklar toplumyny taýýarlady.
09.01.2023
7295
Gaz hyzmatdaşlygy Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky giňişleýin strategik hyzmatdaşlygyň iň möhüm ugrudyr
Türkmenistan bilen Hytaý strategik milli bähbitleriň biri-biriniň üstüni ýetirmeklige esaslanýan gaz pudagynda özara peýdaly hyzmatdaşlygyň nusgasyny görkezýärler.
09.01.2023
8935
Türkmenistanda howa ýene sowar
Türkmenistanyň aglaba ýerine ýagyşdyr gar görnüşli ygal ýagar. Ýurdumyzyň demirgazygynda gijelerine howa —20 gradusa çenli sowar. Hepdäniň ahyryna çenli gijelerine sowuk howa saklanar.
08.01.2023
7024
Türkmenistan hyzmatdaşlygyň gerimini giňeldýär
Ýetip gelen täze, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň ilkinji hepdesi syýasy ähmiýetli wakalara beslenip, olarda ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň artdyrylmagy, Watanymyzyň halkara abraýynyň has-da belende göterilmegi bilen bagly täze taryhy eýýamyň maksatlary öz beýanyny tapdy.
08.01.2023
6976
«Türkmen atlary» döwlet birleşigine «Röwşen» hususy kärhanasy bilen goşmaça ylalaşyk baglaşmaga ygtyýar berildi
Ýurdumyzyň atçylyk sport toplumlarynda guralýan atly sport bäsleşiklerini we at çapyşyklaryny talabalaýyk geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmen atlary” döwlet birleşigine “Daşoguz atçylyk sport toplumynyň çapuw ýodasynyň durkuny täzelemek hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň 23-nji iýulynda çykaran 195-nji Kararyna laýyklykda, Daşoguz atçylyk sport toplumynyň çapuw ýodasynyň durkuny täzelemek we oňa döwrebap örtügi düşemek hem-de toplumda abatlaýyş işlerini ýerine ýetirmek barada “Röwşen” hususy kärhanasy bilen goşmaça ylalaşyk baglaşmaga ygtyýar berildi.
07.01.2023
5094
Türkmenistan metbugat pudagynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirýär
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Hytaý Halk Respublikasynyň (HHR) Başlygy Si Szinpiniň arasynda geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça Pekinde gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalar toplumynda maglumat pudagynda özara hyzmatdaşlyk barada birbada üç resminama bar.
07.01.2023
5023
Petýa atly oglanjyk we adaty Möjek – simfoniki ertekiniň gahrymanlary
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Döwlet simfoniki orkestriniň sazandalary Sergeý Prokofýewiň «Petýa we möjek» simfoniki ertekisini ýerine ýetirer. Konsert maksatnamasynda Pýotr Iliç Çaýkowskiniň «Çaga albomyndan» käbir prelýudiýalar-da bar.
07.01.2023
11388
«Demirýollary» APGJ petek satýan goşmaça mobil goşundysyny täzeledi
«Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti ýolagçy otly gatnawlaryna petekleri satýan mobil goşundysynyň täzelenendigini resmi saýtynda habar berdi.
06.01.2023
5663
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň arasyndaky gepleşikler
Şu gün Pekinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda gepleşikler geçirildi. Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyz düýn döwlet sapary bilen HHR-e geldi.
06.01.2023
5552
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeri bilen duşuşdy
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeri Li Kesýan bilen duşuşdy.