09.11.2022
4220
Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2022» atly XV halkara sergisine hem-de ylmy maslahata gatnaşyjylara
Sizi telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2022» atly XV halkara sergisiniň hem-de ylmy maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
09.11.2022
5159
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň maslahaty
Şu gün sanly ulgam arkaly Milli Geňeşiň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň nobatdaky ýigriminji maslahaty geçirildi. Onda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna hem-de ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanylan birnäçe Kanunlara garaldy we kabul edildi.
09.11.2022
7177
Mugallymlarda gender başarnyklaryny emele getirmek boýunça okuwlar
Şu hepde Türkmenistanyň Milli bilim instituty mekdep mugallymlarynda gender başarnyklaryny emele getirmek we gender gün tertibini okuw işine goşmak boýunça okuw derslerini geçirýär.
09.11.2022
5260
Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň ekologik bäsleşigi
Iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy «Durmuşymyzyň ekologik ýörelgesi» atly bäsleşigi yglan etdi.
09.11.2022
6212
Futzal boýunça Türkmenistanyň Superligasynda çekeleşikli oýunlar
«Köpetdag» topary 16-njy tapgyrda ýurdumyzyň häzirki çempiony «Deňizçi» toparyny utup, futzal boýunça Türkmenistanyň Superligasynda çempionlyga dalaş edýär.
09.11.2022
5324
Futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň 19-njy tapgyrynda «Aşgabat» «Nebitçini» utdy
Türkmenistanyň futbol boýunça çempionatynyň 19-njy tapgyry «Aşgabat» topary bilen Balkanabadyň «Nebitçi» toparynyň arasynda paýtagtda geçen oýun bilen başlandy.
08.11.2022
12054
Magtymgulynyň 300 ýyllygy belleniljek ýyl türki dünýäniň beýik şahyrynyň ýyly diýlip yglan edildi
Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) hemişelik geňeşiniň Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinde geçirilen mejlisinde oňa gatnaşyjylar Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli, 2024-nji ýyly “Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly”
08.11.2022
9103
Watanymyzyň durnukly durmuş-ykdysady ösüşi — halkymyzyň abadançylygynyň kepili
Geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň halkymyzyň abadançylygyny, ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny ýokarlandyrmaga, halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen içeri we daşary syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň beýany boldy.
08.11.2022
5678
Türkmenistanyň Tennis federasiýasy ITF-iň ýanyndaky okuw merkezi bolar
Halkara tennis federasiýasy (ITF) Türkmenistana ygtyýarly okuw merkezi bolmaga resmi taýdan ygtyýar berdi. Halkara tennis federasiýasynyň prezidenti Dewid Haggertiniň we ITF-iň ýerine ýetiriji direktory Luka Santiliniň gol çeken degişli şahadatnamasy şu gün Türkmenistanyň Tennis federasiýasyna (TTF) gelip gowuşdy.
08.11.2022
6439
Türkmenistan we BMG adam hukuklar babatynda hyzmatdaşlygy kämilleşdirýärler
2022-nji ýylyň 7-nji noýabrynda Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Birleşen Milletler Guramasynyň adam hukuklary boýunça ýokary komissarynyň Merkezi Aziýa boýunça edarasynyň sebit wekili Rişard Komenda bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasy habar berýär.