28.06.2022
9673
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň wekiliýetiniň agzalaryna Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäherine gulluk iş saparyna gitmäge rugsat berildi
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Goşulyşmazlyk Hereketiniň Parlament torunyň duşuşygyna — “Ählumumy parahatçylyga we durnukly ösüşe ýardam etmekde milli parlamentleriň ornuny ýokarlandyrmak” atly maslahata hem-de onuň çäklerinde geçiriljek çärelere we duşuşyklara gatnaşmak üçin, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň wekiliýetiniň agzalaryna 2022-nji ýylyň 30-njy iýunynda Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäherine gulluk iş saparyna gitmäge rugsat berildi.
28.06.2022
6022
Türkmen wekilýetiniň Wýetnam hökümetiniň ykdysady toplumynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary
2022-nji ýylyň 28-nji iýunynda Hanoý şäherinde Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekilýetiniň hem-de Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Gurluşyk we Senagat we söwda ministrlikleriniň ýolbaşçy topary bilen duşuşyklary geçirildi.
28.06.2022
5607
Gümrük Hyzmatdaşlygy Geňeşiniň nobatdaky 139/140-njy sessiýalary geçirildi
2022-nji ýylyň 23-nji–25-nji iýuny aralygynda Belgiýa Patyşalygynyň Brýussel şäherinde ýerleşýän Bütindünýä Gümrük Guramasynyň (BGG) Baş binasynda, bu Guramanyň iň ýokary çözgüt kabul ediji düzümi bolan Gümrük Hyzmatdaşlygy Geňeşiniň nobatdaky 139/140-njy sessiýalary geçirildi. Oňa Guramanyň agza döwletleriniň gümrük gulluklarynyň ýolbaşçylary derejesinde wekiliýetler gatnaşdylar.
28.06.2022
13383
Türkmeniň erkin göreş pälwany Aziýa (U23) ýaşlar çempionlygynda kümüş medal gazandy
Erkin usulda göreş tutýan türkmen pälwany Zyýamuhammet Saparow Bişkekde tamamlanan 23 ýaşa ýetmedik ýaşlaryň arasyndaky çempionatda kümüş medal gazandy. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 22 ýaşly 4-nji ýyl talyby 5 türgeniň bäsleşýän 125 kg çenli agram toparynda çykyş edip, bu medala mynasyp boldy.
28.06.2022
6730
Türkmen küştçüsi «Çeşme Open» halkara ýaryşynyň ýeňijisi boldy
Türkmenistanly 23 ýaşly halkara küşt ussady Saparmyrat Atabaýew Izmirde (Türkiýe) tamamlanan «Çeşme Open» halkara küşt ýaryşynyň ýeňijisi boldy.
28.06.2022
4668
Hanoýda Türkmenistanyň wekiliýeti Wýetnamyň Daşary işler ministriniň birinji orunbasary bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, 2022-nji ýylyň 27-nji iýunyndan 1-nji iýulyna çenli Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ylym-bilim we şähergurluşyk ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin Wýetnam Sosialistik Respublikasyna sapary amala aşyrýar.
28.06.2022
8935
Türkmen döwlet maliýe institutynda geçirilen dabara
Türkmen döwlet maliýe institutynda dabaraly çäreler geçirildi. Olaryň çäginde ylmy-amaly maslahat geçirildi we okuw ýylynyň jemleri jemlendi.
27.06.2022
7241
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow baýramçylyk konsertine gatnaşdy
Şu gün tutuş ýurdumyzda bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli giň möçberli baýramçylyk dabaralary geçirildi. Şanly senäniň hormatyna Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň “Nowruz ýaýlasynda” ýerleşýän “Türkmeniň ak öýi” binasynda geçirilen döredijilik agşamyna hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.
27.06.2022
3518
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler, medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalaryň gurluşyklary bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
27.06.2022
3251
Türkmenistanyň Prezidenti “Çalyk Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalygy kabul etdi.