mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

news-photo

18.04.2022

total-veiw

7907

TDHÇMB söwdalarynda geleşikleriň 167-si hasaba alyndy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 167-si hasaba alyndy.

news-photo

18.04.2022

total-veiw

6200

Möwsümleýin işler gyzgalaňly dowam edýär

Balkan welaýatynyň babadaýhanlary ýylyň-ýylyna bugdaýdan bol hasyl alyp, halkymyzy öz ýurdumyzda öndürilýän ýokary hilli, tebigy taýdan arassa azyk önümleri bilen ygtybarly üpjün etmeklige mynasyp zähmet goşantlaryny goşýarlar.

news-photo

18.04.2022

total-veiw

6147

Ideşimiz AFK-nyň Çempionlar ligasynda gonkongly topara ýeňiş getirdi

Türkmen fubolçysy Ruslan Mingazow AFK-nyň Çempionlar ligasynda Gonkongyň «Kitçi» toparyna Tailandyň «Çiangraý Ýunaýted» topary bilen duşuşykda gol geçirip, 1:0 hasabynda ýeňiş getirdi. 

news-photo

18.04.2022

total-veiw

15682

Bütindünýä ýadygärlikler mirasyny goramak güni

1983-nji ýylda ajaýyp ýerleri we ýadygärlikleri goramak meselesi boýunça (ИКОМОС) Halkara Assambleýa tarapyndan kabul edilen kararyň netijesinde 18-nji aprel taryhy ýerleri we ýadygärlikleri goramagyň Halkara güni diýlip yglan edildi.

news-photo

18.04.2022

total-veiw

20249

Ahalteke bedewi – serginiň baş gahrymany

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanyp her ýyl geçirilýän şekillendiriş eserleriniň bäsleşikli sergisi ýaýbaňlandyryldy. Bäsleşik şekillendiriş sungaty, grafika, keramika, heýkeltaraşlyk, halyçylyk we dizaýn işleri boýunça geçirildi. 

news-photo

18.04.2022

total-veiw

5280

Ýurdumyzda boljak howa barada gysgaça maglumat

Türkmenistanda şu hepdäniň dowamynda käte açyk, bulutly, käte az-kem ygally we +30 gradusa çenli maýyl howa bolar diýlip çaklanylýar.

news-photo

18.04.2022

total-veiw

10685

Wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi

2022-nji ýylyň aprel aýynyň 18-ne Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputatlarynyň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň agzalarynyň gatnaşmaklarynda zenan mugallymlaryň we talyp gelin-gyzlaryň arasynda “Türkmen milli däp-dessurlarynyň, maşgala mukaddesliginiň, çaga terbiýesiniň hem-de edep-terbiýäniň kadalarynyň aýratynlyklary” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

news-photo

17.04.2022

total-veiw

7087

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisi

16-njy aprelde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň bäşinji mejlisi geçirildi. Onda 2-nji aprelde Milli Geňeşiň Mejlisiniň on ýedinji maslahatynda kabul edilen kanunlar makullanyldy. Bu kadalaşdyryjy hukuk namalar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň durmuş ugurly syýasatyna hem-de döwletimiziň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanyldy. Mejlisiň işine köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem çagyryldy.

news-photo

17.04.2022

total-veiw

5783

Pudagara toparyň mejlisi

16-njy aprelde ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa Milli Geňeşiň Mejlisiniň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň gün tertibine pudagara toparyň 2021-nji ýylda alyp baran işleriniň netijeleri we şu ýyl üçin meýilleşdirilen işler baradaky meseleler girizildi.

news-photo

17.04.2022

total-veiw

6143

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa gutlaglar

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişmegi mynasybetli, döwlet we hökümet ýolbaşçylaryndan hem-de iri işewür toparlaryň wekillerinden gutlag hatlarynyň gelmegi dowam edýär.

...3295