28.03.2022
7906
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda paýtagtymyzy we sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň, möwsümleýin oba hojalyk işlerini geçirmegiň wajyp meselelerine garaldy.
28.03.2022
11777
Türkmenistanyň wekiliýeti Hytaý Halk Respublikasynyň Huanşan şäherinde gulluk iş saparynda bolar
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Owganystanyň goňşy ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň nobatdaky üçünji duşuşygyna we “Owganystanyň goňşy ýurtlary + Owganystan” dialogynyň işine gatnaşmak üçin, Türkmenistanyň wekiliýeti 2022-nji ýylyň 29 — 31-nji marty aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň Huanşan şäherinde gulluk iş saparynda bolar.
28.03.2022
6857
Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasy ulag ulgamynda hyzmatdaşlygyny berkidýär
2022-nji ýylyň 28-nji martynda «Türkmendemirýollary» agentligi bilen Koreýa Respublikasynyň Ýer, infrastruktura we ulag ministrliginiň we Demirýol korporasiýasynyň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň gatnaşmagynda duşuşyk geçirildi.
28.03.2022
6456
Ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada maglumat
Bu hepde ýurdumyzda howa maýyl bolar. Käbir sebitlerde ýagyş ýagmagy mümkin. Dynç günleri termometriň sütüni + 30 gradusa ýeter.
28.03.2022
4190
TDHÇMB-nyň söwda geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 62 million 199 müň dollaryna barabar boldy
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 52-si hasaba alyndy.
28.03.2022
6260
Daňatar Öwezowyň eserlerinden düzülen konsert
M.Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymlary tenor M.Myratgeldiýew bilen bariton B.Gaýybow ilkinji türkmen kompozitory D.Öwezowyň eserlerinden konsert bilen çykyş etdiler.
28.03.2022
9320
«Grenoble» neşirýaty fransuz dilini öwrenmegiň täze usulyny hödürledi
«Presses Universitaires de Grenoble» (PUG) neşirýaty Türkmenistandaky Fransuz instituty bilen bilelikde Aşgabatdaky ýokary mekdepleriň fransuz dili mugallymlary üçin onlaýn pedagogik maslahat geçirdi.
28.03.2022
6663
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda pudagara maslahat geçirildi
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda «Ýurdumyzda üstaşyr ulag geçirijiligi we logistikany ösdürmek, ýurdumyzyň çäginden geçýän üstaşyr ulag geçelgeleriniň özüne çekijiligini ýokarlandyrmak» atly pudagara maslahat geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň resmi web-saýtynda habar berilýär.
28.03.2022
5613
Türkmenistandan konteýner ýükli otly Hytaýa bardy
Türkmenistandan Gazagystanyň üsti bilen ugradylan konteýner ýükli otly bäş günden Hytaýa bardy.
28.03.2022
16988
Syýahat we gözegçilik üçin elektron kartalar
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň Geografik maglumatlar ulgamy barlaghanasynda geografik maglumatlar ulgamy ulanylyp, sanly tematiki kartalaryň birnäçesi işlenilip taýýarlanyldy.