25.11.2025
3642
Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçisi Gwangju şäherinde geçirilen «Ýüpek ýolunyň ugrundaky çarwa halklar» atly serginiň açylyşyna gatnaşdy
2025-nji ýylyň 25-nji noýabrynda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçisi B.Durdyýew Koreýa Respublikasynyň Aziýa medeniýetiniň milli merkeziniň 10 ýyllygy mynasybetli Gwangju şäherinde geçirilen “Ýüpek ýolunyň ugrundaky çarwa halklar” atly serginiň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
25.11.2025
3975
Hindistanda Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli seminar geçirildi
2025-nji ýylyň 24-nji noýabrynda Nýu-Deli şäherindäki Hindistanyň halkara merkezinde Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Ilçihanasynyň Hindistan-Merkezi Aziýa Gaznasy bilen bilelikde gurnamagynda Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli seminar hem-de onuň çäginde “India-Turkmenistan: Perspectives History, Culture and Economy” atly kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
25.11.2025
4120
Türkmen talyp gyzy «Future Skills Sprint» atly halkara bilim maksatnamasyna gatnaşdy
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň 4-nji ýyl talyby Aýsoltan Annamämmedowa 20 – 22-nji noýabr aralygynda Stambul (Türkiýe) şäherinde geçirilen «Future Skills Sprint» atly halkara bilim başlangyjynyň çäklerindäki okuwlara gatnaşdy.
25.11.2025
3164
Maşat şäherinde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan brifing geçirildi
2025-nji ýylyň 24-nji noýabrynda Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky (Maşat ş.) Baş konsullygynda ýurduň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin brifing geçirildi. Brifing halkara Parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlandy.
25.11.2025
4504
Bassem Tadros: Türkmenistan dünýäniň iň geljegi bar bolan energetika merkezleriniň biridir
Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) wekilhanasynyň ýolbaşçysy Bassem Tadros kompaniýanyň Aşgabatdaky edarasynyň açylyş dabarasynda Birleşen Arap Emirliklerini we Türkmenistany ynam, hormat goýmak, energetika howpsuzlygy we durnukly ösüş babatda umumy garaýyşlara esaslanýan gatnaşyklaryň baglanyşdyrýandygyny belledi.
25.11.2025
4729
Daşoguzda täze durmuş-medeni maksatly desgalar işjeň gurulýar
Ýurdumyzyň köp şäherleri ýaly, Daşoguzda hem döwrebap şäher gurşawy ýokary depginde döredilýär. Köne binalardan boşadylan ýa-da boş duran ýer böleklerinde dürli maksatly täze desgalaryň gurulmagy gysga wagtyň içinde şäher çägini özgertmäge mümkinçilik berdi.
24.11.2025
5490
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna döwlet sapary başlandy
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwlet sapary bilen Gazagystan Respublikasyna ugrady.
24.11.2025
5026
Watanymyzyň rowaçlygy we netijeli hyzmatdaşlyk — döwlet syýasatynyň baş maksady
Geçen hepdäniň wakalarynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz tarapyndan binýady goýlup, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny okgunly ösdürmäge, halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmaga, halkara hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmäge gönükdirilen özgertmeler syýasaty aýdyň beýanyny tapdy.
24.11.2025
4111
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Balkan welaýatyna iş sapary
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dekabr aýynda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek “Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: durnukly ösüşiň bähbidine halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek” atly halkara maslahata görülýän taýýarlyk işleriniň ýagdaýy bilen tanyşmak üçin Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy.