03.11.2025
5220
Türkmenistanda ýagyş ýagmagyna we howanyň sowamagyna garaşylýar
Ýurdumyzda noýabr aýynyň ilkinji günlerinde ygalyň ýagmagyna we howanyň temperaturasynyň aşak düşmegine garaşylýar. Hepdäniň başynda paýtagtymyzda we welaýatlarda az-kem ýagyş ýagar.
03.11.2025
4625
Aşgabatda Eýranyň miniatýura surat çekme we altyn çaýma sungaty boýunça ussatlyk sapaklary başlandy
1-nji noýabrda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda miniatýura we altyn çaýma sungaty boýunça ussatlyk sapaklarynyň dabaraly açylyşy boldy.
03.11.2025
5144
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň gurluşyk we senagat toplumynyň işgärlerine
Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda uly dabara bilen bellenilýän Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.
03.11.2025
4518
«Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly halkara sergä we maslahata gatnaşyjylara
Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ata Watanymyzyň gözel künjegi bolan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly halkara serginiň we maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
02.11.2025
5122
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow möhüm desgalaryň düýbüni tutmak we açylyş dabaralaryna gatnaşdy
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, Türkmenbaşy etrabynyň çäginde kuwwatlylygy ýylda 1 million 155 müň tonna karbamid öndürýän toplumyň gurluşygynyň, Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan serhedi awtomobil ýolunyň Türkmenbaşy — Garabogaz böleginiň düýbüni tutmak, şeýle hem Esenguly etrabynda kuwwatlylygy gije-gündizde 20 müň kub metr bolan agyz suwuny arassalaýjy desganyň we Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň açylyş dabaralaryna gatnaşdy.
02.11.2025
3323
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Balkan welaýatynda täze desgalary açmak hem-de düýbüni tutmak dabaralaryndaky çykyşy
Şu gün biz Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni mynasybetli ýurdumyzyň Balkan welaýatynda möhüm ähmiýetli desgalaryň — Türkmenbaşy etrabynda karbamid öndürýän toplumyň hem-de Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan serhedine çenli barýan awtomobil ýolunyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşýarys. Şeýle hem Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynda agyz suwuny arassalaýjy desgany, Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsini dabaraly açyp ulanmaga bereris. Men siziň ähliňizi Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni, şeýle-de täze desgalary ulanmaga bermek we düýbüni tutmak dabarasy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
02.11.2025
3224
Türkmenistanyň Prezidenti «Çalyk Holding» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparynyň çäklerinde «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalygy kabul etdi.
02.11.2025
3030
Türkmenistanyň Prezidenti «Mitsubishi Heavy Industries, Ltd.» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparynyň çäklerinde «Mitsubishi Heavy Industries, Ltd.» kompaniýasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory Eisaku Itony kabul etdi.
02.11.2025
3962
Balkan welaýatynyň pagtaçylarynyň zähmet ýeňşi
Balkan welaýatynyň edermen daýhanlary tarapyndan «ak altynyň» bereketli hasyly ýetişdirilip, pagta taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamanyň üstünlikli berjaý edilendigi barada hoş habar gelip gowuşdy.
01.11.2025
4571
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň on aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy.