02.05.2025
5869
Ýurdumyzda Liwiýa Döwletiniň Medeniýet günleri geçirilýär
Şu günler paýtagtymyzda Liwiýa Döwletiniň Türkmenistandaky Medeniýet günleri geçirilýär.
02.05.2025
4443
Bişkek şäherinde Ulag, üstaşyr geçelgeler we logistika boýunça türkmen-gyrgyz toparynyň ilkinji mejlisiniň Teswirnamasyna gol çekildi
2025-nji ýylyň 28-30-njy aprelinde Gyrgyzystanyň paýtagtynda geçirilen Ulag, üstaşyr geçelgeler we logistika boýunça türkmen-gyrgyz toparynyň ilkinji mejlisiniň dowamynda birnäçe ileri tutulýan ugurlar boýunça gazanylan ylalaşyklary berkidýän Teswirnama gol çekildi.
02.05.2025
6511
Bazar Amanow adyndaky çagalar kitaphanasyna 90 ýyl doldy
Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ine, indi bir asyra golaý wagt bäri ýurdumyzyň ýaşlary üçin bilimdir medeniýetiň hakyky şamçyragy bolup gelýär.
02.05.2025
4867
Türkmenistanyň Gahrymany Maýa Kulyýewa bagyşlanan konsert
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda 2025-nji ýylyň 1-nji maýynda, Türkmenistanyň we SSSR-iň halk artisti, Türkmenistanyň Gahrymany Maýa Kulyýewanyň doglan gününiň 105 ýyllygyna bagyşlanan konsert geçirildi.
02.05.2025
2525
Sahnada P.I.Çaýkowskiniň eserleri ýaňlandy
Şu ýyl beýik rus kompozitory Pýotr Iliç Çaýkowskiniň doglan gününiň 185 ýyllygy bellenilýär.
02.05.2025
4745
Lebap welaýatynda meşhur aýdymçynyň doglan gününe bagyşlanan dabara geçirildi
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Lebap welaýat birleşmesiniň hem-de welaýat medeniýet müdirliginiň bilelikde guramaklarynda Türkmenabat şäher medeniýet öýünde meşhur aýdymçy, Türkmenistanyň Gahrymany Maýa Kulyýewanyň doglan gününiň 105 ýyllygy mynasybetli aýdym-sazly döredijilik duşuşygy geçirildi.
01.05.2025
4299
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisi
Şu gün Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda guraljak Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji halkara maslahatyna taýýarlyk görmek bilen bagly meselelere garaldy.
01.05.2025
4854
Türkmenistanyň Prezidenti “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek halkara maslahata görülýän taýýarlyk işleriniň barşy bilen tanyşdy
Şu gün Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň geçiriljek ýerindäki gurluşyk we abadanlaşdyryş işleri bilen tanyşdy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyza gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň şekil taslamalary görkezildi.
01.05.2025
4075
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna ugrady
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş sapary bilen Balkan welaýatyna ugrady. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar.
01.05.2025
5157
Türkmenistanyň çagalaryň bagtyýar durmuşynyň bähbidine tagallalary birleşdirmek boýunça başlangyçlary BMG-de goldanyldy
Birleşen Milletler Guramasynyň ştab-kwartirasyndan hoş habar gelip gowuşdy. Bu habar berkarar Watanymyzyň dünýädäki abraýyny has-da belende göterýär.