27.07.2026
2683
Daşoguz welaýatynyň hususy pudagynyň wekilleri iş ugurlaryny giňeldýärler
Daşoguz welaýatynyň telekeçileri öz iş ugurlaryny işjeň giňeldýärler. Kiçi we orta telekeçilige döwlet tarapyndan berilýän goldawa daýanyp, olar häzirki wagtda sebitiň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda – oba hojalyk önümçiliginden we sarp ediş harytlarynyň önümçiliginden başlap, hyzmatlar hem-de gurluşyk pudagyna çenli netijeli zähmet çekýärler.
27.07.2026
2680
Biotehnologiýalar barlaghanasynyň geljegi uly ylmy barlaglary
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň biotehnologiýalar barlaghanasynda barlaghana müdiri Altyn Rahmanowanyň we direktoryň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji, himiýa ylymlarynyň doktory, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň habarçy agzasy Durdymyrat Gadamowyň ýolbaşçylygynda häzirki zaman agrobiotehnologiýasynyň möhüm ugurlaryny, şol sanda genetiki taýdan üýtgedilen organizmler (GTO) bilen baglanyşykly meseleleri çuňňur öwrenmäge gönükdirilen yzygiderli ylmy-barlag işleri alnyp barylýar.
27.07.2026
2792
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 746 müň dollaryndan gowrak boldy
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 9-sy hasaba alyndy.
27.07.2026
2154
Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin maglumat
2026-njy ýylyň 25-nji iýulynda halkara köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde Hazar deňziniň suw giňişliginde deňiz gämisine edilen hüjüm barada maglumatlar çap edildi.
27.07.2026
3997
Dünýä belli «Mollagara» – melheme baý şypahana
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň häzirki tomus möwsüminde melhemler mesgenine – «Mollagara» şypahanasyna dynç almaga, saglygyny berkitmäge gelýän adamlaryň yzy üzülmeýär.
26.07.2026
2748
Ählumumy abadançylygyň bähbidine netijeli dialog
Geçen hepde Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet maksatnamalarynyň netijeliligini şöhlelendirýän möhüm wakalara baý boldy.
26.07.2026
7700
«Ýaňlan, Diýarym! – 2026» telebäsleşiginiň hoş owazlary Balkan topragynda belentden ýaňlandy
Hormatly Prezidentimiziň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýän «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşigi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmegi, ony has-da kämilleşdirmegi, zehinli ýaşlary ýüze çykarmagy baş maksat edinýär.
25.07.2026
2594
Türkmenistanyň adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy babatda halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilişi bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy
2026-njy ýylyň 25-nji iýulynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi.
25.07.2026
1982
Türkmenistan bilen Özbegistan senagat-tehnologik guşaklygyny döretmek we Ýokary geňeşi döretmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen möhüm başlangyçlar öňe sürüldi.
25.07.2026
2828
Aşgabatda oktýabr aýynda Türkmenistanyň maýa goýum forumy geçiriler
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.