26.12.2024
7687
Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasy — umumadamzat gymmatlygy
Türkmenistanyň Prezidentiniň «Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek hakynda» Kararyna laýyklykda, 2024-nji ýylyň ilkinji günlerinden Watanymyzda we daşary ýurtlarda beýik söz ussadynyň adamzadyň ruhy medeniýetiniň hazynasyna giren edebi-filosofik mirasyny öwrenmek, bütin dünýäde wagyz etmek boýunça giň gerimli işler alnyp baryldy.
26.12.2024
4967
Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň halkara bölüminiň müdiriniň orunbasary bilen duşuşyk geçirildi
2024-nji ýylyň 26-njy dekabrynda Türkmenistanyň DIM-de Daşary işler ministriniň orunbasary Serdar Muhammetdurdyýew bilen Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň halkara bölüminiň müdiriniň orunbasary Çen Çžouň arasynda duşuşyk geçirildi.
26.12.2024
5719
Öndürijilikli zähmet ýokary görkezijilere beslenýär
Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabyndaky “Akgaýa” hojalyk jemgyýetimiň agzalary telekeçiligi ösdürmekde, bu köpugurly pudagyň gerimini giňeltmekde döwletimiz tarapyndan berilýän düýpli ýeňilliklerden peýdalanyp, has-da döredijilikli zähmet çekýärler.
26.12.2024
5233
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda «Kitap – bilimiň çeşmesi» atly bäsleşigiň ýeňijileri sylaglandylar
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda kitap okamak boýunça geçirilen ylmy-döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi.
26.12.2024
5273
Ýurdumyzyň teatrlary Täze ýyl tomaşalaryna çagyrýar
28-31-nji dekabr aralygynda ýurdumyzyň teatrlary jadyly baýram – Täze ýylyň ruhy älemine çagyrýar. Tomaşaçylara baýramçylyk şatlygyny döredýän şadyýan we gyzykly tomaşalar, konsertler we şowhunly çykyşlar garaşýar.
25.12.2024
6046
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşdy
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow, däp bolşy ýaly, Täze ýylyň öňüsyrasynda geçirilýän Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasyna iş sapary bilen ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.
25.12.2024
4887
Türkmenistanyň Prezidenti Moldowa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hanym Maýýa Sanduwa Moldowa Respublikasynyň Prezidenti wezipesine girişmegi mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
25.12.2024
4048
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewe “Azerbaijan Airlines” awiakompaniýasynyň raýat uçarynyň köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelere getiren heläkçilige uçramagy zerarly gynanç hatyny iberdi.
25.12.2024
5325
Mary welaýatynda täze suw arassalaýjy desga açyldy
Şu gün Mary welaýatynyň Türkmengala etrabynda kuwwatlylygy bir gije-gündizde 25 müň kub metre deň bolan suw arassalaýjy desganyň açylyş dabarasy boldy. Munuň özi Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasynda welaýatyň ýaşaýjylary üçin ajaýyp sowgada öwrüldi.
25.12.2024
3910
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde gurluşygy batly depginde alnyp barylýan Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň meýdançasyna bardy. Bu ýerde ýakyn ýyllarda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň köpugurly düzüminiň üstüni ýetirjek döwrebap lukmançylyk toplumy emele geler.