26.10.2024
7624
Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Merkezi Aziýa – parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnama kabul edildi
2024-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 25-nji plenar mejlisi geçirildi. Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň başlangyjy esasynda hödürlenen «Merkezi Aziýa – parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnamanyň taslamasyna garaldy.
26.10.2024
5170
Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 79 ýyllygy mynasybetli Aşgabatda çäre geçirildi
2024-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda BMG-niň Aşgabat şäherindäki wekilhanasynda BMG-niň Tertipnamasynyň güýje girmeginiň 79 ýyllygyna bagyşlanan çäre geçirildi.
26.10.2024
7638
Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň IV mejlisi
Şu gün paýtagtymyzda Türkmen alabaýynyň baýramyna bagyşlanyp, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň IV mejlisi geçirildi. Bu forum türkmen halkynyň milli baýlygy bolan meşhur alabaýlaryň dünýädäki şöhratyny has-da artdyrmaga gönükdirilen möhüm wakadyr. Bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda alnyp barylýan giň gerimli işleriň aýrylmaz bölegidir. Şunda halk seçgiçiliginiň usullarynyň we häzirki zaman ylmynyň gazananlarynyň peýdalanylmagyna ähmiýet berilýär.
26.10.2024
7227
Türkmen döwlet maliýe instituty «Ykdysadyýet» boýunça VI olimpiadanyň ýeňijilerini yglan etdi
Türkmenistanyň döwlet maliýe instituty Türkmenistanyň milli manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 31 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen «Ykdysadyýet» boýunça VI olimpiadanyň netijelerini jemledi.
26.10.2024
6327
2-nji noýabrda Saglyk ýolundan köpçülikleýin ýöriş geçiriler
2-nji noýabrda Türkmenistanda Saglyk ýoly boýunça köpçülikleýin ýöriş geçiriler. Bu barada hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde habar berdi.
26.10.2024
6229
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň itşynaslaryna, olaryň janköýerlerine we mähriban halkyna
Sizi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda milli buýsanjymyz we gymmatlygymyz bolan türkmen alabaýlarynyň hormatyna dabaraly bellenilýän Türkmen alabaýynyň baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
26.10.2024
4327
Türkmenistanyň Prezidenti Awstriýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti Aleksandr Wan der Bellene we ýurduň halkyna Awstriýa Respublikasynyň Milli güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
26.10.2024
5962
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
Sizi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda milli gymmatlygymyz bolan türkmen alabaýlarynyň hormatyna uly dabara bilen bellenilýän Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn.
25.10.2024
7550
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň birnäçe meselelerine garaldy. Mejlise türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem gatnaşdy.
25.10.2024
6474
“Türkmennebit” döwlet konsernine Birleşen Arap Emirlikleriniň “MBF Group DWС-LLС” kompaniýasy bilen şertnamana baglaşmaga ygtyýar berildi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmennebit” döwlet konsernine guýularda sementleme we berkitme, düýpli abatlama işlerinde ulanmak üçin niýetlenen awtoulagda oturdylan degişli möçberdäki sementleýji agregaty ornaşdyrmak barada Birleşen Arap Emirlikleriniň “MBF Group DWС-LLС” kompaniýasy bilen şertnamany öz serişdeleriniň hasabyna baglaşmaga ygtyýar berildi.