29.08.2026
3288
Türkmen küştçüsi Allaýar Şirliýew BAE-de geçirilen festiwalda altyn medal gazandy
Türkmen küştçüsi Allaýar Şirliýew Birleşen Arap Emirliklerinde geçirilen 32-nji halkara Abu-Dabi küşt festiwalynda «Open A» kategoriýasynda ýeňiş gazandy.
29.08.2026
2958
«Ahal» topary ikinji orna gaýdyp geldi
Türkmenistanyň Ýokary ligasynyň toparlarynyň arasynda geçirilýän futbol çempionatynyň 17-nji tapgyrynyň duşuşyklarynyň netijesinde «Ahal» topary ýaryş tertibinde ikinji orna gaýdyp geldi.
29.08.2026
2468
2027-nji ýylyň Aziýa Kubogynyň saýlama tapgyrynda Türkmenistanyň 17 ýaşa çenli ýaşlar ýygyndysynyň garşydaşlary belli boldy
Ýemen, Gyrgyzystan, Mongoliýa we Demirgazyk Marian adalarynyň ýygyndylary Kuala-Lumpurda (Malaýziýa) Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň (AFC) binasynda geçirilen bije çekişligiň netijesinde 2027-nji ýylyň futbol boýunça Aziýa Kubogynyň saýlama tapgyrynda Türkmenistanyň 17 ýaşa çenli ýaşlar ýygyndysynyň garşydaşlary boldy.
29.08.2026
3060
Fransiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 28-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Fransiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Filipp Merlen bilen duşuşdy.
29.08.2026
3148
Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky ilçisi ýurtda diplomatik wezipesini tamamlaýar
2026-njy ýylyň 28-nji awgustynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýurtda diplomatik wezipesini tamamlaýan Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky ilçisi Beata Peksa bilen duşuşygy boldy.
29.08.2026
4075
Täze okuw ýylynyň bosagasynda
Mary welaýatynda täze – 2026-2027-nji okuw ýylynyň barha ýakynlaşmagy bilen taýýarlyk çäreleri barha güýçlendirilýär. Şu ýyl welaýatyň orta mekdeplerine 27 müňden gowrak çaga 1-nji synpa kabul ediler. Mekdebe ilkinji gadam basan bagtyýar çagalara hormatly Prezidentimiziň adyndan noutbuk kompýuterleri sowgat berler.
28.08.2026
4161
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.
28.08.2026
3489
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şener Jebejini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.
28.08.2026
10314
Energetika ministrligine “Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça degişli işleri geçirmek tabşyryldy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň sarp edijilerini elektrik energiýasy bilen ygtybarly we bökdençsiz üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
28.08.2026
2727
Türkmenistanda milli teatr sungaty barada film surata düşüriler
Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi milli teatr sungatynyň döreýşi we häzirki zaman üstünlikleri barada gürrüň berýän «Teatr – meniň ykbalym!» atly 30 minutlyk çeper-publisistik filmiň üstünde işleýär.