24.08.2026
3708
Ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howa barada maglumat
Awgust aýynyň ahyryna çenli Türkmenistanda howanyň temperaturasy gündizlerine +40 gradusa çenli yssy we gurak bolar.
24.08.2026
3797
Türkmenistanda metan zyňyndylaryny zyýansyzlandyrýan bioserişde işlenip düzüldi
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň hünärmenleriniň habar bermegine görä, habarçy-agza, himiýa ylymlarynyň doktory Durdymyrat Gadamowyň ýolbaşçylygynda hem-de biotehnologiýalar barlaghanasynyň müdiri Altyn Rahmanowanyň gatnaşmagynda täze nesil bioserişdesi işlenip düzüldi.
24.08.2026
4279
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 46 million 412 müň dollaryndan gowrak boldy
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 19-sy hasaba alyndy.
24.08.2026
4199
Daşkentde halkara media maslahaty öz işine başlady
Şu ýylyň 24 – 29-njy awgusty aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent we Samarkant şäherlerinde «Yslam siwilizasiýasynyň merkezi: täze garaýyşlar, täze açyşlar» atly halkara media forumy geçirilýär.
22.08.2026
4083
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda dowam edýän Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezinde alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Lukman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda gurluşygyna badalga berlen döwrebap ylmy-kliniki merkezi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly senesiniň toýlanýan ýylynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramynyň bellenilýän gününde açmak meýilleşdirilýär.
22.08.2026
11191
Dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän «Çalsana bagşy!» bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň milli bagşyçylyk we saz sungatyny has-da ösdürmek, täze, döwrebap aýdym-sazlar bilen baýlaşdyrmak, ýurdumyzda gazanylýan uly üstünlikleri, agzybir halkymyzyň bagtyýar durmuşyny wasp etmek, zehinli ýaş bagşy-sazandalary ýüze çykarmak we höweslendirmek, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde geçirilen «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginde üstünlikli çykyş edip, ýerine ýetirijiligi bilen aýratyn tapawutlanan dutarçy bagşy-sazandalary sylaglamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýurdumyzyň şu raýatlary «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň ýeňijileri diýlip yglan edildi we her bir ýeňiji Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry bilen sylaglanyldy:
22.08.2026
4719
«Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry
Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda yglan edilen “Çalsana, bagşy!” bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.
22.08.2026
3886
Nýu-Deli şäherinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine we «2028-nji ýyl - Halkara hukugynyň ýyly» atly Kararnama bagyşlanan maslahat geçirildi
2026-njy ýylyň 21-nji awgustynda Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Ilçihanasynda, Hindistanda bilim alýan türkmen talyplarynyň gatnaşmagynda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň ähmiýetine we Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň «2028-nji ýyl - Halkara hukugynyň ýyly » atly Kararnama bagyşlanan çäre geçirildi.
22.08.2026
4366
Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndylary FIBA-nyň Milletler ligasynda Kataryň ýygyndylaryndan üstün çykdy
Türkmenistanyň basketbol boýunça 23 ýaşa çenli erkekler we zenanlar ýygyndylary Singapurda geçirilýän abraýly «FIBA 3x3 U23 Nations League 2026» halkara ýaryşyndaky çykyşlaryna ynamly ýeňiş bilen başladylar.
22.08.2026
3959
Türkmenistanly ýaşlar toparlaýyn hasapda ýeňiş gazanyp, «Kids Expo Chess Cup 2026» ýaryşynda 24 medal gazandylar
Türkmenistanyň paýtagtynda ýaşlaryň arasynda rapid we blis görnüşlerinde geçirilen halkara «Kids Expo Chess Cup 2026» küşt ýaryşynyň jemleri jemlendi.