22.08.2026
3971
«Anzan» mental arifmetika boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi
«Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde «Anzan» mental arifmetika boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi. Bu bäsleşigi Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy hem-de «Kämil bilim» we «Zehin ýoly» okuw merkezleri bilelikde gurady.
22.08.2026
3841
«Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin»: çagalygyň we açyşlaryň baýramy
Paýtagtymyzyň çagalary we ýaş myhmanlary üçin Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilýän «Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasy ýatdan çykmajak, täsirli pursatlardan doly. Müňlerçe oglanjykdyr gyzjagazlar bu ýere, gyzykly we özüne çekiji gurşawyň höküm sürýän ýerine howlugýarlar. Meniň ýoldaşlarym doganlar Alina bilen Pawlik boldy. Olar bu ýere eýýäm ikinji gezek gelýärler we aslynda, ägirt uly güýmenje hem-de öwrediji sergi bilen men olary däl-de, olar meni tanyşdyrýarlar.
21.08.2026
3821
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Halkara pediatriýa merkeziniň gurluşyk işleri bilen tanyşdy
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow paýtagtymyzyň günorta künjeginde gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan Halkara pediatriýa merkeziniň desgalar toplumynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Munuň özi ýurdumyzda ynsan saglygynyň berkidilmegi, aýratyn-da, çagalaryň saglygy we olaryň sazlaşykly ösüşi bilen baglanyşykly meseleleriň döwletimiziň hemişelik üns merkezinde saklanýandygynyň aýdyň güwäsidir.
21.08.2026
3792
Dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara
Sizi Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşmagyňyz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.
21.08.2026
3175
«Altyn asyr» topary «Arkadag» toparynyň «Ahal» toparyndan üstün çykmagy netijesinde ikinji orna geçdi
Futbol boýunça Türkmenistanyň Ýokary ligasynyň toparlarynyň arasynda geçirilýän çempionatyň 16-njy tapgyrynyň netijeleri boýunça ýaryş tertibiniň ilkinji üçlüginde birnäçe üýtgeşiklik boldy.
21.08.2026
3117
Lala Şöhradowa Hindistanda geçirilýän Aziýa çempionatynda altyn we kümüş medallara mynasyp boldy
Türkmenistanyň küştçüsi Lala Şöhradowa 20 ýaşa çenli ýetginjekleriň we gyzlaryň arasynda geçirilýän Aziýa çempionatynda altyn we kümüş medallary gazanyp, milli sportumyzyň taryhyna ýene bir ajaýyp sahypany ýazdy. Aziýa yklymynyň 10 ýurdundan 157 sany ýaş küşt ussadyny bir ýere jemlän giň gerimli çempionat 16 – 26-njy awgust aralygynda Hindistanyň Mumbaý şäherindäki «ITC Maratha» myhmanhanasynda geçirilýär. Abraýly ýaryşyň guramaçylary Maharaştra ştatynyň Küşt assosiasiýasy bolup, ýaryş Bütinindiýa küşt federasiýasynyň (AICF), Aziýanyň küşt federasiýasynyň (ACF) hem-de Halkara küşt federasiýasynyň (FIDE) howandarlygynda geçirilýär.
21.08.2026
3682
Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky Ilçihanasynda tegelek stol geçirildi
2026-njy ýylyň 20-nji awgustynda Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky Ilçihanasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň ähmiýetine, şeýle hem Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň «Halkara hukugynyň ýyly, 2028-nji ýyl» atly Kararnamasyna bagyşlanan tegelek stol geçirildi.
21.08.2026
4975
Sergide Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteriniň täze önümleri görkezildi
Aşgabat şäherinde her ýyl geçirilýän «Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasy dowam edýär. Abraýly çäre ösüp gelýän nesil üçin niýetlenen harytlary we hyzmatlary öndürýän öňdebaryjy türkmen hem-de daşary ýurt kompaniýalaryny bir ýere jemleýän möhüm meýdança bolup durýar.
21.08.2026
4524
Türkmenistanly ýaş artist Moskwada geçirilýän halkara çagalar medeni forumynda çykyş etdi
2026-njy ýylyň 20-nji awgustynda Moskwa şäherinde V halkara çagalar medeni forumynyň çäklerindäki esasy çäreleriň biri bolan «Dostluk» atly gala-konsert geçirildi. Dabarada Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň okuwçysy Aýşat Rejepowa çykyş etdi.
21.08.2026
3706
Şekillendiriş sungaty muzeýi onlaýn sergilere çagyrýar
Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýi isleg bildirýänleri meşhur ahalteke bedewlerine bagyşlanan «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» atly onlaýn sergi bilen tanyşmaga çagyrýar.