01.06.2024
4876
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň bagtyýar çagalaryna hem-de halkyna
Sizi dostlugyň we parahatçylygyň özboluşly baýramyna öwrülen Çagalary goramagyň halkara güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bagtyýar çagalygyň, iň süýji arzuwlaryň, belent maksatlaryň hasyl bolýan Diýarynda — Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda bu halkara baýramyň şanyna bagyşlanan dabaralaryň durmuşymyzyň gül-gunçalary bolan eziz çagalarymyzyň ýadynda ýakymly ýatlamalary galdyrjakdygyna berk ynanýaryn.
31.05.2024
5551
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşyna degişli birnäçe meseleler girizildi.
31.05.2024
12380
Maliýe we ykdysadyýet ministrligi 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasyny taýýarlamak borçly edildi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan” ugur alyp, Türkmenistanyň Býujet kodeksine laýyklykda, Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň we Türkmenistanyň maýa goýum Maksatnamasynyň taslamalaryny öz wagtynda taýýarlamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
31.05.2024
6485
Döwlet Baştutanymyz şalynyň ýokary hasylynyň öndürilmegini üpjün etmek tabşyrdy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda amala aşyrylýan özgertmeleri dowam etdirmek, öndürilýän oba hojalyk önümleriniň möçberini hem-de daýhanlarymyzyň şalynyň ýokary hasylyny öndürmekde höwesini artdyrmak arkaly azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
31.05.2024
10319
Täze çagalar dynç alyş merkezi açyldy
Şu gün Magtymguly etrabynda “Arkadagly nesiller” döwrebap çagalar dynç alyş merkeziniň gurlup ulanmaga berilmegi mynasybetli dabara geçirildi.
31.05.2024
9983
«Goşmaça we üznüksiz bilim» okuw merkezi tomusky okuwlara çagyrýar
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň «Goşmaça we üznüksiz bilim» okuw merkezi giň gerimli ugurlar boýunça okajaklary tomusky okuwlara çagyrmagyny dowam edýär.
31.05.2024
5647
Tehnologiýalar merkezinde Türkmenistanda biotehnologiýany ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
30-njy maýda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde «Ýurdumyzda biologiýa ylymlaryny we biotehnologiýalary ösdürmek» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi, onda alymlar «Türkmenistanda biotehnologiýany toplumlaýyn ösdürmegiň 2024 ‒ 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşdylar.
31.05.2024
5987
Türkmen futbolçylary taryhda ilkinji gezek Grenlandiýanyň milli ýygyndysy bilen duşuşarlar
Türkmenistanyň we Grenlandiýanyň futbolçylary milli ýygyndylar derejesinde ilkinji gezek duşuşarlar.
31.05.2024
5695
Ukrainanyň Milli çagalar kitaphanasynda «Türkmen halkynyň medeni gymmatlyklary» atly sergi geçirildi
2024-nji ýylyň 23-30-njy maýy aralygynda beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy we «Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly mynasybetli Ukrainanyň Milli çagalar kitaphanasynda Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasy bilen bilelikde guralan «Türkmen halkynyň medeni gymmatlyklary» atly suratlaryň, kitaplaryň we milli egin-eşikleriň sergisi geçirildi.
31.05.2024
5068
Türkmenistanyň wekiliýeti Haýwanlaryň saglygyny goramak boýunça Bütindünýä guramasynyň wekilleriniň Assambleýasynyň 91-nji umumy mejlisine gatnaşdy
2024-nji ýylyň 26-30-njy maýy aralygynda Türkmenistanyň wekiliýeti Fransiýanyň Pariž şäherinde geçirilýän Haýwanlaryň saglygyny goramak boýunça Bütindünýä guramasynyň (WOAH) wekilleriniň Assambleýasynyň 91-nji umumy mejlisine gatnaşdy.