mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

news-photo

16.06.2026

total-veiw

1961

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýa döwletleriniň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň we ýörite ynanylan wekilleriniň nobatdaky duşuşygyna gatnaşmagy

2026-njy ýylyň 15-nji iýunynda Almaty şäherinde Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýa döwletleriniň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň we ýörite ynanylan wekilleriniň nobatdaky duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow gatnaşdy.

news-photo

16.06.2026

total-veiw

2659

Daşoguz welaýatynyň daýhanlary ýeralma hasylyny ýygnamaga girişdiler

Şu ýyl Daşoguz welaýatynda 8 müň 800 gektar meýdana ýeralma ekildi. Häzirki wagtda ilkinji bolup Boldumsaz etrabynyň «10 ýyl Abadançylyk» daýhan birleşiginiň daýhanlary 345 gektar meýdanda ösdürilip ýetişdirilen ýeralma hasylyny ýygnamaga girişdiler we olar ýokary görkezijili hasyl almagy maksat edinýärler.

news-photo

16.06.2026

total-veiw

1582

Döwletara gatnaşyklary ilerletmekde Merkezi Aziýa sebitiniň we Owganystanyň bilermen-seljeriş mümkinçiliklerinden işjeň peýdalanylýar

Şu günlerde Kabul şäherinde «Merkezi Aziýa – Owganystan»: «Sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmekde seljeriş merkezleriň strategik orny» atly bilermenleriň duşuşygy geçirilýär. Soňky ýyllarda sebitiň bilermenler jemgyýetçiliginde Merkezi Aziýanyň alymlarynyň we seljeriş düzümleriniň owganystanly kärdeşleri bilen bilelikde hyzmatdaşlyk hem-de özara ösüş meselelerini ara alyp maslahatlaşýan birnäçe meýdançalary döredildi.

news-photo

15.06.2026

total-veiw

3105

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda hem-de sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

news-photo

15.06.2026

total-veiw

2680

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyny gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

news-photo

15.06.2026

total-veiw

2361

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyny gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

news-photo

15.06.2026

total-veiw

2174

Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 15-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Sasaki Hiroşi bilen duşuşdy.

news-photo

15.06.2026

total-veiw

4716

Türkmen talyplary Moskwada geçirilen «Lomonosow – 2026» Uniwersiadasynda baýrakly orunlary eýelediler

Türkmen ýokary okuw mekdepleriniň talyplary M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa Döwlet uniwersiteti tarapyndan guralan lingwistika, sebitleri öwreniş we medeniýetleri öwreniş boýunça «Lomonosow –2026» Uniwersiadasynda ýokary netijeleri görkezip çykyş etdiler.

news-photo

15.06.2026

total-veiw

3074

Ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howa barada maglumat

Türkmenistanyň çäginde hepdäniň dowamynda yssy howanyň bolmagyna we käbir ýerlerde wagtlaýyn ýagşyň ýagmagyna garaşylýar. Howa gündizlerine +43 gradus yssy bolar.

news-photo

15.06.2026

total-veiw

3243

Türkmenistanda A.S.Puşkiniň ertekileriniň esasynda elde dokalan haly döredildi

Türkmenistanyň «El Darak» haly kärhanasy Türkmen halysynyň milli muzeýi bilen hyzmatdaşlykda beýik rus şahyry Aleksandr Sergeýewiç Puşkiniň ertekileriniň esasynda özboluşly elde dokalan halyny döretdi. Taslama Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky dostlugyň nyşany hökmünde amala aşyryldy.

...3404