Hyzmatdaşlyk
16.10.2023
6621
Türkmenistan we “Euronews” teleýaýlymy uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýär
2023-nji ýylyň 16-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde, Türkmenistana iş sapary bilen gelen “Euronews” Ýewropa habar beriş teleýaýlymynyň wekiliýeti bilen gepleşikler geçirildi.
13.10.2023
5937
Aşgabatda Türkmenistanyň Adalatçysynyň diwanyndaky işgärleriň gender taýdan deňhukuklyk meseleleri boýunça mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak üçin okuw maslahaty başlandy
9-njy oktýabrda Aşgabatda Türkmenistanyň Adalatçysynyň diwanynda gender deňligi we reproduktiw saglyk meseleleri barada habarlylygy ýokarlandyrmak boýunça okuw maslahaty başlandy.
13.10.2023
5994
GDA döwletleri Aşgabatda geçiriljek Merkezi Aziýada howpsuzlyk boýunça Maslahata çagyryldy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Arkalaşygyň döwletlerini geljek ýyl Aşgabatda geçiriljek Merkezi Aziýada howpsuzlyk boýunça Maslahatyň birinji mejlisine çagyrdy. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Bişkekde geçirilen GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň Sammitinde aýtdy.
13.10.2023
4457
Türkmenistanyň Prezidenti Ählumumy howpsuzlygyň strategiýasyny işläp taýýarlamak başlangyjyny tassyklady
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisinde agzalan Ählumumy howpsuzlygyň strategiýasyny işläp taýýarlamak başlangyjyny tassyklady. Bu barada döwlet Baştutanymyz Bişkekde geçirilýän GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde belläp geçdi.
12.10.2023
4448
Türkmenistanyň Daşary işler ministri GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy
2023-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda Bişkek şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Çärede türkmen wekilýetine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow ýolbaşçylyk etdi.
12.10.2023
4022
Türkmenistanyň DIM-nde Wenanyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçrildi
2023-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Wena şäheriniň häkiminiň wekili, Wena şäher geňeşiniň agzasy we Wena prowinsiýa parlаmentiniň agzasy Omar Al-Rawiniň ýolbaşçylygynda Aşgabada sapar bilen gelen Wenanyň wekiliýeti, şeýle hem Türkmen-Awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy Neda Berger bilen duşuşyk geçirdi.
12.10.2023
3666
Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň bosgunlaryň işi baradaky ýokary komissarynyň müdirliginiň ýerine ýetiriji komitetiniň 74-nji mejlisine gatnaşýar
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet 2023-nji ýylyň 9-13-nji oktýabry aralygynda Ženewada geçirilýän Birleşen Milletler Guramasynyň bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň müdirliginiň Ýerine ýetiriji komitetiniň 74-nji mejlisiniň işine gatnaşýar.
12.10.2023
5265
Gyrgyzystanyň paýtagtynda sebitiň Altynjy ekspert forumy işe başlady
Bişkekde şu ýylyň 12-nji oktýabrynda «Merkezi Aziýa: hyzmatdaşlygyň aýratynlyklary» Altynjy Merkezi Aziýa forumy işe başlady.
11.10.2023
5760
Türkmenistan we Türkiýe hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem berkitmek ugruny tassyklaýarlar
2023-nji ýylyň 11-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň we Aşgabada resmi sapar bilen gelen Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministri Hakan Fidanyň arasynda gepleşikler geçirildi.
11.10.2023
5129
Energetika ulgamynda türkmen-rumyn hyzmatdaşlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2023-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda Rumyniýanyň energetika ministrliginiň binasynda geçirilen nobatdaky Energetika babatda hyzmatdaşlyk etmek boýunça türkmen-rumyn iş toparynyň duşuşygyna gatnaşmak üçin “Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygy G.Agajanowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Buharestde bolýar.