Hyzmatdaşlyk
27.01.2022
5596
Türkmenistanyň DIM-niň we HHR-iň diplomatlary geçirilen «Merkezi Aziýa – Hytaý» sammitiniň netijelerini ara alyp maslahatlaşdylar
Düýn Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Sýan Naýçen bilen duşuşygy geçirildi, onuň barşynda diplomatlar şu ýylyň 25-nji ýanwarynda «Merkezi Aziýa – Hytaý» sanly ulgam arkaly geçirilen sammitiniň netijelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
26.01.2022
9861
Merkezi Aziýa ýurtlary – Hytaý: ykdysady hyzmatdaşlar we pikirdeşler
Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça sanly ulgam arkaly Hytaý bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli sammit geçirildi.
26.01.2022
5844
Pandemiýanyň ýaýramagyna garşy göreş Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň üns merkezinde
Sanly ulgam arkaly Hytaý bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli sammitinde koronawirus ýokanjynyň gelip çykyşyny öwrenmekde dünýäniň ähli ylmy güýjüni birleşdirmegiň zerurdygyny ara alnyp maslahatlaşyldy.
26.01.2022
4793
Ženewada Türkmenistanyň 2022-nji ýyl üçin daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary tanyşdyrylydy
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tarapyndan öňe süren «Dialog – parahatçylygyň kepili» başlangyjynyň çäklerinde, Türkmenistanyň BMG-niň Ženewa bölüminiň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasy Ženewanyň Halkara barlaglary we ösüş boýunça ýokary institutynda Türkmenistanyň 2022-nji ýylda we geljek döwürde daşary syýasatynda ileri tutýan ugurlaryna bagyşlap brifing geçirdi.
26.01.2022
3634
Türkmenistan we Ermenistan medeni miras pudagyndaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar
W.Brýusow adyndaky Ýerewan döwlet diller we jemgyýetçilik ylymlary uniwersitetiniň ýanyndaky ÝUNESKO-nyň adam hukuklary, demokratiýa we syýasy ylymlar bölüminiň başlygy professor Tigran Torosýan bilen Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky ilçisi duşuşdy.
24.01.2022
6745
KHDR bilen Türkmenistanyň diplomatik gatnaşyklaryna 30 ýyl doldy
Koreýa Halk Demokratik Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli KHDR-iň Döwlet işleri boýunça Başlygy Kim Çen Yn hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna hat iberdi.
22.01.2022
7478
DIM-de HHR-nyň Türkmenistandaky Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Sýan Naýçen bilen duşuşygy geçirildi.
20.01.2022
7814
Togan Oral: Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky söwda depginli ösýär
Şu ýylyň 19-njy ýanwarynda geçiren nobatdaky metbugat duşuşygynda Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Togan Oral pandemiýa çäklendirmelerine garamazdan, geçen ýyl Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky söwda gatnaşyklarynyň ep-esli artandygyny belledi.
19.01.2022
6942
GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Başlygyna «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna» ýubileý medaly gowşuryldy
2022-nji ýylyň 18-nji ýanwarynda Moskwada GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy Sergeý Lebedew bilen Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Batyr Niýazliýewiň duşuşygy geçirildi.
18.01.2022
4907
Türkmenistanyň Hökümet wekiliýeti Özbegistana sapary amala aşyrdy
2022-nji ýylyň 17-nji ýanwarynda, Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary S.Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky hökümet wekiliýeti Özbegistan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.