Medeniýet
02.10.2025
4140
Halkara saz güni mynasybetli konsert geçirildi
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýanda Halkara ыaz günine bagyşlanyp konsert geçirildi. Konsertiň diňleýjileriniň aglabasynyň ýaşuly adamlar bolandygyny aýtmalydyrys. Sebäbi her ýyl ýurdumyzda bellenilýän Ýaşulularyň halkara güni bilen Saz güni bir güne gabat gelýär. Şonuň üçin konserti guraýjylar – kamera ansambly kafedrasynyň hünärmenleri ýaşuly nesliň wekillerini bu konserte ýörite çagyrdylar.
02.10.2025
3800
Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň wekiliýeti «Gorkut ata» halkara kinofestiwalyna gatnaşýar
1-nji oktýabrda Gazagystanyň Mangistau welaýatynda «Gorkut ata» halkara kinofestiwalynyň açylyş dabarasy geçirildi. Azerbaýjandan, Türkiýeden, Türkmenistandan, Gyrgyzystandan, Özbegistandan, Wengriýadan hem-de Gazagystandan gelen kino sungatynyň wekilleri we medeniýet işgärleri gyzyl halydan geçdiler.
01.10.2025
3036
Aşgabatda Koreý medeniýetiniň festiwaly geçiriler we teatrlarda täze sahna oýunlary görkeziler
Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary we paýtagtymyzyň myhmanlary ýakyn günlerde baý mazmunly medeni maksatnamadan lezzet alyp bilerler. Şekillendiriş sungatyny söýüjiler sergilere, aýdym-saza gadyr goýýanlar bolsa konsertlere baryp bilerler, teatr toparlary hem tomaşaçylary garaşylmadyk sowgat bilen begendirerler.
30.09.2025
3163
Seýitnepes Nepesow: ömrümi tansa bagladym
2025-nji ýyl horeograf Seýitnepes Nepesow üçin ýatdan çykmajak ýyllaryň biri boldy: onuň şu ýyl 80 ýaşy doldy we ýurdumyzyň tans medeniýetine goşan uly goşandy üçin «Türkmenistanyň halk artisti» diýen ada mynasyp boldy.
29.09.2025
4154
Balkan welaýatynyň teatry TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň III halkara teatr festiwalynyň baýraklaryna mynasyp boldy
Golaýda Gazagystanyň Aktau şäherinde Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan yglan edilen TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň III halkara teatr festiwaly geçirildi.
26.09.2025
4426
Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygy mynasybetli baýramçylyk dabarasy
Şu gün paýtagtymyzdaky Mejlisler merkezinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda medeniýet we sungat ussatlarynyň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygyna bagyşlanan konserti geçirildi.
26.09.2025
4369
Bilbil Mämmedowyň zehinler hazynasy
A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynda Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, dramaturg Bilbil Mämmedowyň «Когда сияет душа молодая» («Juwan kalbym joşanda») atly sahna oýnynyň ilkinji görkezilişi boldy.
26.09.2025
4308
Astrahanda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygyna bagyşlanan aýdym-sazly medeni çäre geçirildi
2025-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda General-admiral F.M.Apraksin adyndaky Hazar deňiz we derýa ulaglary institutynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli aýdym-sazly medeni çäre geçirildi.
25.09.2025
3917
Türkmenistan parahatçylyk we ynanyşmak medeniýeti boýunça bütindünýä sammitini geçirmegi teklip etdi
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň plenar mejlisinde çykyş edip, Parahatçylyk we ynanyşmak medeniýeti meseleleri boýunça bütindünýä sammitini geçirmegi teklip etdi.
25.09.2025
3383
Garaşsyzlyk baýramyna täze sahna eseri
Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň döredijilik topary ýurt Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk şanly toýuna mynasyp baýramçylyk sowgadyny taýýarladylar.