Medeniýet
26.09.2022
8229
Täsir galdyrýan sergi
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramynyň öň ýanynda türkmen nakgaşlarynyň işleriniň sergisinde 193 adama Suratkeşler birleşiginiň agzalygyna şahadatnama gowşuryldy.
26.09.2022
5331
Kamerata toparynyň sazandalarynyň çykyşy
Bahram Dolyýewden (birinji skripka we toparyň çeper ýolbaşçysy), Aýlar Botaýarowadan (ikinji skripka), Tahyr Ataýewden (alt), Kakageldi Hojalekowdan (wiolençel), Ysmaýyl Sähetmyradowdan (kontrabas), Wladimir Mkrtumowdan (fortepiano) ybarat kamerata sazandalary ýaňy-ýakynda aşgabatly diňleýjileriň öňünde üstünlikli çykyş edipdiler.
26.09.2022
7120
Daşoguz welaýatynyň teatrynyň sahnasynda täze oýun goýuldy
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli, Daşoguz welaýatynyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky Döwlet sazly drama teatrynyň döredijilik topary teatr sungatynyň iň ýaş muşdaklary üçin sowgat taýýarlady.
22.09.2022
5562
Aşgabatda geçiriljek medeni çäreler
Ýetip gelýän Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda ýurdumyzyň döredijilik toparlary we teatrlar baýramçylyk mynasybetli konsertleri hem-de spektakllary taýýarladylar.
21.09.2022
10347
Arça hakyndaky täsin rowaýat teatryň sahnasynda beýanyny tapdy
Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatry Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramyna «Garaşaryn saňa men» spektaklynyň ilkinji görkezilişini taýýarlady.
20.09.2022
7481
«Täze dünýäden» atly konserti geçirildi
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygynda Döwlet simfoniki orkestriniň «Täze dünýäden» atly konserti geçirildi.
20.09.2022
9963
Nusgawy edebiýatyň muşdaklarynyň bäsleşigi
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň mejlisler zalynda ýazyjy Atajan Tagan tarapyndan, amerikaly ýazyjy Jek Londonyň türkmen diline terjime edilen “Martin Iden” romanyny okan has ünsli we oýlanyşykly okyjyny kesgitlemek ugrunda guralan bäsleşigiň jemi jemlenildi. Bu çäre kitap okamagy halaýan aşgabatly okyjylaryň köpsanly janköýerleriniň hem-de “Nowça” atly meýletinçiler hereketiniň wekilleriniň ünsüni çekdi.
15.09.2022
7567
Teatrlaryň sahnasynda
2022-nji ýylyň 16-njy sentýabryndan 18-nji sentýabr aralygynda ýurdumyzda gyzykly konsertler, dynç alyş şowhunlary we sirk tomaşalary bolar.
14.09.2022
10039
Iki sany suratkeşleriň işleriniň sergisi açyldy
Merjen paýtagtymyzyň Sergi merkezinde suratkeşler Begenç Berkeliýew bilen Wepa Gurdowyň işleriniň «Kyrkynjy güýz» diýen liriki at bilen çeper sergisiniň açylyşy boldy.
13.09.2022
10740
Aşgabatda “Çalsana, bagşy!” bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi
Şu gün Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde ilkinji gezek geçirilýän “Çalsana, bagşy!” döredijilik gözden geçirilişiniň jemleýji tapgyry boldy.