Resmi
09.02.2024
7333
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligini üýtgedip guramak hakynda
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň oba hojalygyny düýpli özgertmek hem-de dolandyrmagy kämilleşdirmek arkaly bu pudagyň işiniň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, karar edýärin:
09.02.2024
4849
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY N.G.NAZARMYRADOW hakynda
Nazarmyrat Geldimyradowiç Nazarmyradowy, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň oba hojalyk ministri wezipesinden boşatmaly.
09.02.2024
4153
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY M.G.ÖWEZLIÝEW hakynda
Mülkaman Gulnepesowiç Öwezliýewi “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşiginiň başlygy wezipesine belläp, ony Türkmenistanyň oba hojalyk ministriniň orunbasary wezipesinden boşatmaly.
09.02.2024
4937
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY B.G.ATAÝEW hakynda
Begmyrat Gurbangeldiýewiç Ataýewi Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygy wezipesine belläp, ony Türkmenistanyň oba hojalyk ministriniň orunbasary wezipesinden boşatmaly.
09.02.2024
5467
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY G.B.ATAÝEW hakynda
Goçmyrat Baýramgeldiýewiç Ataýewi Türkmenistanyň Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygy wezipesine belläp, ony Türkmenistanyň oba hojalyk ministriniň orunbasary wezipesinden boşatmaly.
09.02.2024
4916
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY N.A.BERDINIÝAZOW hakynda
Nurmuhammet Arslanowiç Berdiniýazowy “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşiginiň başlygy wezipesine bellemeli.
09.02.2024
6215
Hormatly Prezidentimiziň gol çeken resminamalary
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Atamyrat Halmyradowiç Durdyýew “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary wezipesine bellenildi.
06.02.2024
6440
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýurdumyzyň maýa goýum meýilnamalaryny üstünlikli amala aşyrmak, 2024-nji ýylda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan iri önümçilik, durmuş maksatly binalaryň hem-de desgalaryň gurluşygyny bellenen möhletlerde ýokary hilli tamamlamak, sebitlerde täze iş orunlaryny döretmek, raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini, maddy hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmak maksady bilen, 2024-nji ýylda degişli iri önümçilik we durmuş maksatly binalaryň hem-de desgalaryň gurluşygynyň bellenen möhletlerde ýokary hilli tamamlanmagyna, ulanmaga tabşyrylmagyna, degişlilikde, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri gözegçilik ederler.
02.02.2024
8330
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany ŞYHMÄMMEDOW Ö. hakynda
«Türkmenistanyň prokuraturasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasyna laýyklykda, karar edýärin:
02.02.2024
8843
Bilim işiniň döwlet akkreditasiýasy hakynda Düzgünnama tassyklanyldy
“Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama bilen, Bilim işiniň döwlet akkreditasiýasy hakynda Düzgünnama tassyklanyldy.