16.05.2023
8676
Türkmenistan — Hytaý: taryhy tejribelerden täze mümkinçiliklere
Beýik Ýüpek ýoly! Geçmişde Gündogaryň hem Günbataryň siwilizasiýalaryny baglanyşdyran, ýurtlarydyr halklary birek-birege ýakynlaşdyran, medeniýetleriň özara baýlaşmagyna täsirini ýetiren meşhur söwda ýoly! Gadymy Hytaýyň paýtagty bolan Sian şäherinden gözbaş alyp, Türkmenistanyň hem köp şäherleriniň üstünden geçen bu ýol adamzat taryhynda gaýtalanmajak fenomene öwrüldi. 3100 ýaşly Sian şäheri bolsa dürli döwürlerde hytaý nesilşalyklarynyň 13-siniň paýtagty bolmak bilen, 1100 ýyldan gowrak wagtlap Beýik Ýüpek ýolunyň başlanýan nokady bolup hyzmat etdi. Bu gün dünýäniň ünsi ýene-de şu gadymy sebitde jemlenýär. 18-19-njy maýda möhüm syýasy wakanyň — «Merkezi Aziýa — Hytaý» sammitiniň geçiriljek ýeri hökmünde hem Sian şäheriniň saýlanyp alynmagy özboluşly mana eýedir. Şol günlerde dostlukly döwletleriň altysynyň Liderlerini bir meýdançada jemlejek bu duşuşykda gadymy Beýik Ýüpek ýoluny täzeden dikeltmek, hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlygyň çarhyna goşmaça bat bermek bilen bagly wajyp pikirler öňe sürler, anyk teklipler beýan ediler.
16.05.2023
4324
Strategik hyzmatdaşlygyň ygtybarly binýady
Ozaly bilen, Hytaý Halk Respublikasyna döwlet saparymyň öň ýanynda öz sahypalarynda çykyş etmäge teklibi üçin “Ženmin Žibao” gazetiniň ýolbaşçylaryna minnetdarlyk bildirmek isleýärin. Şeýle abraýly hem-de hormatly neşiriň millionlarça okyjylaryna ýüzlenmek mümkinçiligi örän möhüm ähmiýete eýe bolup, munuň özi iki ýurduň arasyndaky özara düşünişmegiň, türkmen-hytaý dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň has-da pugtalandyrylmagyna ýardam berer.
16.05.2023
3897
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen-hytaý gatnaşyklaryny ösdürmek baradaky söhbetdeşligi
Geçen ýylyň oktýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaýyň döwlet köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň haýyşy boýunça Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň metbugat attaşesi Wan Sziunyň sowallaryna jogap beripdi.
16.05.2023
4919
«Merkezi Aziýa – Hytaý» Sammiti – ulag pudagyndaky hyzmatdaşlygynyň täze derejesi
18-19-njy maýda Hytaýyň gadymy Sian şäherinde geçiriljek «Merkezi Aziýa Hytaý» Sammiti tutuş dünýäniň ünsüni özüne çekýär.
16.05.2023
10253
«Arkadag» we «Ahal» toparlarynyň futbol boýunça Türkmenistanyň Kubogy-2023 ýaryşynyň ýarym finalyna çykmaga mümkinçiligi artýar
«Arkadag» we «Ahal» toparlary birinji çärýek final oýunlarynda uly ýeňiş gazanyp, futbol boýunça Türkmenistanyň Kubogy-2023 ýaryşynyň ýarym finalyna çykmaga mümkinçiligini artdyrdylar.
16.05.2023
5410
«Köpetdag» – 2023-nji ýylyň Türkmenistanyň naýbaşy futzal ligasynyň birinji aýlawynyň ýeňijisi
Aşgabadyň «Köpetdag» topary basdyr ýedi ýeňiş gazanmak bilen, Türkmenistanyň naýbaşy futzal ligasynyň birinji aýlawynyň ýeňijisi boldy.
16.05.2023
15834
«Parahatçylygyň ýaş çaparlary»: ikinji möwsümiň netijeleri
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Ýaş diplomatlaryň mekdebiniň alyp barmagynda «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň 2022-2023-nji okuw ýylyndaky II möwsüminiň final oýny geçirildi.
16.05.2023
3049
Türkmenistan – Gazagystan: hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçilikleri
Garaşsyzlygyň ilkinji günlerinden bäri Türkmenistan hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyna ygrarly bolup, Merkezi Aziýa döwletleri bilen oňyn gatnaşyklary ýola goýýar. Muňa sebit ýurtlaryna, şol sanda dostlukly we doganlyk Gazagystan Respublikasyna saparlar hem şaýatlyk edýär.
16.05.2023
4522
Owganystanda türkmen lukmanlary ynsanperwer kömek hökmünde işe başladylar
Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň Buýrugy esasynda 2023-nji ýylyň 15-nji maýynda 3 sany türkmen lukmanlary owgan zenanlaryna hem-de çagalaryna bejeriş we maslahat beriş ýardamlaryny bermek üçin Owganystanyň Hyrat welaýatynyň Turgundy şäherçesindäki 2016-njy ýylda Türkmenistan tarapyndan ynsanperwer kömegi hökmünde gurlup berlen 20 orunlyk çaga dogrulýan öýüne geldiler.
16.05.2023
4672
Türkmenistan «Merkezi Aziýa-Hytaý» görnüşinde hyzmatdaşlygyň energetika ugruny üpjün eder
Hytaýyň gadymy Sian şäherinde 18-19-njy maýda geçiriljek «Merkezi Aziýa- Hytaý» sammiti Hytaý bilen Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň (Türkmensitan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan we Özbegistan) arasyndaky özara gatnaşyklarda täze eýýamy açar. Ýokary derejede geçiriljek duşuşyga şeýle bahany meşhur seljeriş merkezleri hem-de syýasatçylar berýärler.