10.02.2025
3820
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 33 million 683 müň dollaryndan gowrak boldy
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 36-sy hasaba alyndy.
10.02.2025
6000
Türkmenabatda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli maslahat geçirildi
Ýurdumyzda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna hem-de 2025-nji ýylyň şygaryna bagyşlanan dürli maslahatlar geçirilýär. Bu maslahatlarda şu ýyl geçirilmesi meýilleşdirilýän çäreler ara alnyp maslahatlaşylýar.
10.02.2025
3976
Daşoguz welaýatynyň alymlary kädiniň täze görnüşini döredýärler
Türkmen oba hojalyk institutynyň ösümlikçilik bölüminiň uly mugallymy, oba hojalyk ylymlarynyň kandidaty Maral Orazbaýewa kärdeşleri bilen kädiniň Daşoguz welaýatynyň howa şertlerinde köpçülikleýin ösdürip ýetişdirmäge ýararly täze hilini döretmegiň üstünde işleýär.
09.02.2025
7398
Türkmenistan durmuşyň ähli ugurlarynda ösüşiň täze belentliklerini nazarlaýar
Geçen hepdäniň wakalary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysyna ýene bir ajaýyp sahypa bolup ýazyldy. 7-nji fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi, ýurdumyzyň ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýandygyny görkezýän giň gerimli meýilnamalaryň, uzak möhletleýin taslamalaryň durmuşa geçirilişi barada aýdyldy.
09.02.2025
5987
Türkmenistanly türgenler Hytaýda geçiriljek IX Aziýa gyşky oýunlaryň açylyş dabarasyna gatnaşdy
Harbinde, Hytaýyň demirgazyk-gündogarynda IХ Aziýa gyş oýunlary açyldy. Bu oýunlara, dört ýylyň iň uly sport çäresine öz toparyny iberen köp ýurtlarda, şol sanda Türkmenistanda hem 14-nji fewrala çenli tomaşa ediler.
09.02.2025
6391
Dürli ýurtlaryň tebigatynyň gözel ýerleri türkmen suratkeşleriniň gözi bilen
Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň sungat galereýasynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan sergi açyldy.
09.02.2025
10470
Hazar deňziniň türkmen kenary- guşlaryň ýüzlerçesiniň gyşlaýan mekany
Berkarar Watanymyzyň Günbatar sebitiniň görenleri haýran galdyrýan tebigy aýratynlyklary, täsinlikleri kän. Gojaman Hazar deňziniň günorta-gündogar bölegindäki suw-batgalyk ýerler hem şeýle özboluşly künjekleriň biridir.
08.02.2025
7402
Türkiýede Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan ylmy maslahat we fotosergi geçirildi
2025-nji ýylyň 7-nji fewralynda Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçihanasy bilen Kyrşehir şäheriniň Ahi Ewran uniwersitetiniň bilelikde gurnamagynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy, şeýle hem 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli ylmy maslahat geçirildi.
08.02.2025
6024
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine geldi. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyza täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň maksatnamasy we gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary görkezildi. Şeýle-de Milli Liderimiz degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
08.02.2025
5969
Daşkent şäherinde 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli tegelek stol geçirildi
2025-nji ýylyň 5-nji fewralynda Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçihanasynyň başlangyjy bilen Halkara Merkezi Aziýa instituty bilen bilelikde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: Türkmenistanyň ählumumy we sebit hyzmatdaşlygyna goşandy» atly tegelek stoly geçirildi.