02.10.2024
4777
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Premýer-ministrini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan jenap Sigeru Isiba Ýaponiýanyň Premýer-ministri wezipesine girişmegi mynasybetli gutlaglaryny iberdi.
02.10.2024
5066
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
Owgan halkynyň adyndan Size hem-de Türkmenistanyň doganlyk halkyna Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan etmäge şatdyryn.
02.10.2024
4600
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
Owgan halkynyň adyndan Size hem-de Türkmenistanyň doganlyk halkyna Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan etmäge şatdyryn.
02.10.2024
5745
Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlaryny taýýarlamak boýunça Guramaçylyk topary döredildi
2028-nji ýylda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Los-Anjeles şäherinde geçiriljek XXXIV tomusky Olimpiýa hem-de XVIII tomusky Paralimpiýa oýunlaryna Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlaryny taýýarlamak we olaryň gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, XXXIV tomusky Olimpiýa we XVIII tomusky Paralimpiýa oýunlaryna Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlaryny taýýarlamak boýunça guramaçylyk topary döredildi hem-de onuň düzümi tassyklanyldy.
02.10.2024
5904
«Hatyra» kitabynyň täze neşiriniň bäşinji jildi çapdan çykdy
«Hatyra» kitabynyň jemleýji, bäşinji jildiniň täze neşiri 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda wepat bolan, şeýle-de dereksiz ýiten esgerleriň ýagty ýadygärligine bagyşlanýar.
02.10.2024
12016
Ýokary tehnologiýalar milli bilim ulgamynyň hyzmatynda
Orta mekdepleriň häzirki zaman sanly dolandyryş ulgamy bolan «eMekdep» platformasy Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi tarapyndan işe girizildi. Häzirki ýokary tehnologiýalaryň bütin dünýäde giňden ornaşdyrylýan döwründe bilim işini yzygiderli sanlylaşdyrmaga gönükdirilen sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynda anyk kesgitlenen wezipelere laýyklykda, 2021-nji ýylda hünärmenler «elektron mekdep» taslamasyny işläp taýýarlamaga girişdiler.
02.10.2024
5687
Arkadag şäherinde Magtymguly Pyragynyň şygyrlary boýunça bäsleşik geçirildi
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda Arkadag şäherindäki mekdepleriň okuwçylarynyň arasynda Magtymguly Pyragynyň goşgularyny çeper okamak boýunça bäsleşik geçirildi. «Pyragynyň paýhas hazynasy» atly bu çärä akademiýada, Berdimuhamet Annaýew adyndaky mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebinde, Saçly Dursunowa adyndaky lukmançylyk orta hünär okuw mekdebinde we Sahy Jepbarow adyndaky ýörite sungat mekdebinde okaýan ýaşlar gatnaşdy.
02.10.2024
5872
Halkara aýdym-saz gününe bagyşlanan konsert
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy her ýyl oktýabr aýynyň başynda Halkara aýdym-saz gününi baýramçylyk konserti bilen belleýär.
02.10.2024
2588
Balyk önümçiligi boýunça maslahat geçirildi
«Arçabil» myhmanhanasynyň mejlisler zalynda süýji suwly ýerlerde ýaşaýan jandarlar üçin iýmit taýýarlanyşyny ösdürmek we suwda ýaşaýan haýwanlaryň saglygynyň goralmagyny üpjün etmek boýunça maslahat geçirildi.
02.10.2024
6769
Türkmenistanly ýaş zehinler GDA-2024 Açyk çagalar Delfler oýunlaryna gatnaşýarlar
Gyrgyzystan Respublikasynyň Bişkek şäherinde GDA agza döwletleriň birinji halkara çagalar Delfler oýunlary dabaraly ýagdaýda başlandy. Döredijilik ýaryşlaryna Belarusdan, Azerbaýjandan, Ermenistandan, Gazagystandan, Özbegistandan, Russiýadan, Türkmenistandan we Gyrgyzystandan 7 ýaşdan 14 ýaş aralygynda 500-den gowrak zehinli çagalar gatnaşýar.