Sport
24.03.2026
4870
Türkmenistanyň tennisçileri Dewisiň Kubogynyň saýlama tapgyrynyň çärýek finalyna çykdylar
Şri-Lankanyň Kolombo şäherinde dowam edýän 16 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasyndaky Dewisiň Kubogynyň Aziýa we Okeaniýa zolagyndaky saýlama ýaryşlarynda türkmen tennisçileri çärýek finala çykmagy başardylar.
23.03.2026
4910
Türkmenistanyň tennisçileri Dewisiň Kubogynyň saýlama tapgyryna ýeňiş bilen başladylar
Şu gün Türkmenistanyň ýygyndy topary Şri-Lankanyň paýtagty Kolombo şäherinde geçirilýän 16 ýaşdan uly bolmadyk ýetginjekleriň arasyndaky Dewisiň Kubogynyň Aziýa we Okeaniýa zolagy boýunça saýlama tapgyrynyň deslapky tapgyryna Omanyň ýygyndysyny 3:0 hasabynda ynamly ýeňmek bilen başlady.
22.03.2026
4538
Türkmenistanly türgenler adaty karate boýunça Polşada geçirilen halkara ýaryşda iki bürünç medal gazandylar
Türkmen türgenleri ýakynda Polşada adaty karate boýunça tamamlanan «Krakow Kubogy» atly halkara ýaryşda iki bürünç medal gazandylar.
21.03.2026
4617
Türkmenistanda Bütindünýä saglyk güni giňden belleniler
7-nji aprelde bellenilýän Bütindünýä saglyk güni mynasybetli ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş çäreleri guralar. Bu barada Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer B.Mämmedow habar berdi.
17.03.2026
5995
Küştçi gyzlarymyz Buharada geçen halkara ýaryşda mynasyp çykyş etdiler
Türkmenistanly küştçi gyzlar ýakynda Özbegistanyň Buhara şäherinde tamamlanan «Women’s Chess Championship» atly 4-nji halkara zenanlaryň küşt çempionatynda ýokary netije görkezdiler.
16.03.2026
6562
«Berkarar» söwda-dynç alyş merkezinde tennis boýunça ussatlyk sapagy geçiriler
20-nji martda «Berkarar» söwda-dynç alyş merkezinde Türkmenistanyň Tennis federasiýasy tarapyndan uly tennis boýunça açyk ussatlyk sapagy geçiriler.
16.03.2026
6771
Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda ilkinji toparlaýyn küşt çempionaty geçiriler
Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda ilkinji toparlaýyn küşt çempionaty 2026-njy ýylyň 22 – 28-nji marty aralygynda Aşgabatda geçiriler.
13.03.2026
6383
«Arkadag» futbol topary 2026-njy ýylyň ilkinji baýragyny – Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň kubogyny gazandy
«Arkadag» futbol topary 2026-njy ýylyň ilkinji baýragyny, ýagny Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň kubogyny gazandy. Wladimir Baýramowyň topary bu üstünlige jemleýji oýunda Türkmenbaşynyň «Şagadam» toparyny 2:0 hasabynda ýeňmek bilen ýetdi.
12.03.2026
6130
Türkmenistanyň 20 ýaşa çenli ýaşlar ýygyndysy iň güýçli bäşligiň hataryna girdi
Aşgabatda geçirilýän 2026-njy ýylyň Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Kubogy ugrundaky ýaryşda Türkmenistanyň 20 ýaşa çenli ýaşlar ýygyndy topary iň oňat bäş toparyň hataryna goşuldy.
11.03.2026
6697
«Arkadag» we «Şagadam» toparlary 2026-njy ýylyň Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Kubogy ugrunda bäsleşerler
«Arkadag» we «Şagadam» toparlary 2026-njy ýylyň Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Kubogy ugrunda bäsleşerler. Bu «Aşgabat» köpugurly stadionynyň merkezi meýdançasynda geçirilen ýarym final duşuşyklarynyň netijeleri boýunça mälim boldy.