Sport
05.05.2024
7596
Serdar Rahymow dzýudo boýunça «Uly tuwulga» ýaryşynda ilkinji altyn medalyny gazandy
Türkmenistanyň sportunyň taryhyna täze şanly sahypa ýazyldy. 20 ýaşly dzýudoçy Serdar Rahymow Täjigistanyň paýtagtynda başlanan IJF «Uly tuwulga» dünýä tapgyryndaky «Dushanbe Grand Slam 2024» abraýly ýaryşda Türkmenistan üçin ilkinji altyn medalyny gazandy.
03.05.2024
9609
Türkmen karateçileri «UZBEKISTAN OPEN 2024» halkara ýaryşynda 23 medal gazandylar
Türkmen türgenleri Ürgençde geçirilen «UZBEKISTAN OPEN 2024» karate boýunça ilkinji halkara (WKF) ýaryşynda dürli derejeli 23 medal eýelediler.
02.05.2024
6063
Tennis boýunça Türkmenistanyň çempionaty badalga aldy
Paýtagtymyzda şu gün badalga alan tennis boýunça Türkmenistanyň çempionatyna Aşgabatdan we ýurdumyzyň welaýatlaryndan 150 töweregi ýaş türgen ýygnandy.
01.05.2024
5956
«Aşgabat» futbol topary «Energetik» toparyndan üstün çykdy
Ýokary liganyň toparlarynyň arasynda geçýän Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 11-nji tapgyryň açylyşynda «Aşgabat» toparynyň oýunçylary Marynyň «Energetik» toparyndan 2:1 hasabynda üstün çykyp, ýeňiş yzygiderliligini dowam etdirdiler.
01.05.2024
5824
Türkmenistanly küştçi gyz 10 ýaşa çenli çagalaryň arasynda geçýän «blis» boýunça dünýä çempionatynda bürünç medal gazandy
Albaniýanyň Durres şäherinde geçirilen gysgaldylan wagt gözegçiligi bilen iki görnüşde geçip tamamlanan «blis» boýunça çagalar dünýä çempionatynda türkmenabatly 9 ýaşly küştçi Aýa Baýramowa bürünç medal gazandy.
01.05.2024
5114
Tennis boýunça Aşgabadyň birinjiligi ugrundaky ýaryşyň ýeňijileri kesgitlendi
Türkmen paýtagtynda tennis boýunça birinjiligi eýelemek ugrunda «Aşgabat» köpugurly stadionda tamamlanan ýaryş ýaş türgenleriň 120-sini bir ýere jemledi.
30.04.2024
5649
«Aşgabat» futbol topary utuşsyz bäş duşuşykdan soň ýeňiş gazandy
Ýokary liganyň toparlarynyň arasynda geçýän Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 10-njy tapgyrynda «Aşgabat» toparynyň oýunçylary myhmançylykda paýtagtymyzyň «Köpetdag» topary bilen bolan duşuşygynda 2:0 hasabynda üstün çykmak bilen, ýeňişsiz bäş duşuşygyň yzygiderliliginiň arasyny üzdi.
26.04.2024
5449
Türkmen tennisçileri 14 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda Duşenbäniň açyk çempionatynda kümüş medal gazandylar
Türkmen tennisçileri Täjigistanyň paýtagtynda geçirilen ýaşy 14-e çenli ýetginjekleriň arasynda Duşenbäniň açyk çempionatynda — «Open Dushenbe Championship U14» ýaryşyň üç görnüşinde kümüş medal gazandylar.
24.04.2024
5879
Türkmenistanyň futbol çempionatynyň ikinji aýlawy başlandy
Mary welaýatynda «Merw» futbol topary bilen Balkanabadyň «Nebitçisiniň» arasynda 10-njy tapgyryň oýny bilen Türkmenistanyň futbol çempionatynyň ikinji aýlawy başlandy.
24.04.2024
6208
Köpetdagyň gözel dag eteginde atlaryň çekeleşikli uzak aralyga ýörişi geçirildi
Öňden gelýän asylly däbe görä, Türkmen bedewiniň milli baýramynyň öňüsyrasynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda ýurdumyzyň tanymal atçylyk toplumlaryna wekilçilik edýän 20 atyň gatnaşan ahalteke atlarynyň uzak aralyga atly ýöriş bäsleşigi geçirildi.