02.10.2025
5526
Halkara saz güni mynasybetli konsert geçirildi
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýanda Halkara ыaz günine bagyşlanyp konsert geçirildi. Konsertiň diňleýjileriniň aglabasynyň ýaşuly adamlar bolandygyny aýtmalydyrys. Sebäbi her ýyl ýurdumyzda bellenilýän Ýaşulularyň halkara güni bilen Saz güni bir güne gabat gelýär. Şonuň üçin konserti guraýjylar – kamera ansambly kafedrasynyň hünärmenleri ýaşuly nesliň wekillerini bu konserte ýörite çagyrdylar.
02.10.2025
5640
Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň wekiliýeti «Gorkut ata» halkara kinofestiwalyna gatnaşýar
1-nji oktýabrda Gazagystanyň Mangistau welaýatynda «Gorkut ata» halkara kinofestiwalynyň açylyş dabarasy geçirildi. Azerbaýjandan, Türkiýeden, Türkmenistandan, Gyrgyzystandan, Özbegistandan, Wengriýadan hem-de Gazagystandan gelen kino sungatynyň wekilleri we medeniýet işgärleri gyzyl halydan geçdiler.
02.10.2025
5615
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdebiniň talyplary bir ýyllyk hünär ýokarlandyryşyna Ýaponiýa ugradyldy
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Gündogar dilleri we edebiýaty fakultetiniň mugallymçylyk bilimi taýýarlyk ugrunyň (ýapon dili, türkmen dili we edebiýaty) talyplary Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetine bir ýyllyk hünär ýokarlandyryş okuwlaryna ugradyldy.
02.10.2025
5310
Türkmenistanda täze okuw kitaplary neşir edildi
Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 11-nji synp okuwçylary üçin «Modelirleme we grafika» atly okuw kitaby neşir edildi.
02.10.2025
3614
Türkmenistanda «Sport – parahatçylygyň ilçisi» atly halkara ylmy ýygyndysy neşir edildi
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty tarapyndan geçirilen halkara ylmy-amaly maslahatynyň netijeleri boýunça taýýarlanan «Sport – parahatçylygyň ilçisi» atly ylmy ýygyndysy neşir edildi.
01.10.2025
5476
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.
01.10.2025
3873
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
Ata Watanymyz Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny ykrar eden ilkinji ýurt hökmünde Türkiýe Respublikasynyň halkynyň adyndan Garaşsyzlyk güni mynasybetli Siziň Alyhezretiňizi we doganlyk türkmen halkyny tüýs ýürekden gutlaýaryn.
01.10.2025
5568
Ahal, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň käbir etrap kazyýetlerini döretmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
Ahal, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň dolandyryş-çäk bölünişiginiň üýtgemegi bilen bagly hem-de «Kazyýet hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasyna laýyklykda, karar edýärin:
01.10.2025
5401
Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken resminamalary
Ahal, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň dolandyryş-çäk bölünişiginiň üýtgemegi bilen bagly hem-de “Türkmenistanyň prokuraturasy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 14-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Karara gol çekdi.
01.10.2025
4559
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyry boýunça taýýarlanan taslamalar bilen tanyşdy
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow täzeçil tehnologiýalar esasynda bina edilen Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy.