05.02.2025
4636
«Nazary mehanika» dersi boýunça IV Açyk halkara internet-olimpiadasy geçiriler
Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Nazary mehanika» dersi boýunça IV Açyk halkara internet-olimpiadasyny geçirer.
05.02.2025
3951
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti tarapyndan kabul edildi
2025-nji ýylyň 4-nji fewralynda Astana amala aşyran sapary döwründe Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Jomart Tokaýew tarapyndan kabul edildi.
05.02.2025
3491
Türkmen-özbek döwlet serhedindäki «Farap awtoýollary-Alat» we gümrük nokatlarynyň işi ara alnyp maslahatlaşyldy
Düýn Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň we Özbegistan Respublikasynyň Ykdysadyýet we maliýe ministrliginiň ýanyndaky Gümrük komitetiniň wekilleri göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirdiler.
04.02.2025
3594
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Premýer-ministrini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sigeru Isiba doglan güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
04.02.2025
6091
Döwletiň we halkyň bähbidine durmuş-ykdysady özgertmeler ýoly bilen
Geçen hepdäniň wakalary Bitarap Watanymyzyň saýlap alan döredijilik ýoly bilen ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýandygynyň nobatdaky beýany boldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasaty esasynda ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny okgunly ösdürmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga, ählumumy parahatçylygyň we durnukly ösüşiň bähbidine hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny berkitmäge gönükdirilen giň gerimli işler alnyp barylýar.
04.02.2025
7555
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy
Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.
04.02.2025
4414
«Diplomatik protokol» okuw merkezinde hünärmenleri taýýarlaýyş okuwlary başlandy
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň ýöriteleşdirilen «Diplomatik protokol» okuw merkezinde ýurduň degişli hünärmenleri üçin okuwlar başlandy.
04.02.2025
4074
Türkmenistanyň we Gazagystanyň gümrük edaralaryň deslapky maglumat alyşylmaga badalga berildi
2025-nji ýylyň 1-nji fewralynda Türkmenistan Gazagystan Respublikasy bilen aralykda daşalýan harytlar we gatnaýan ulag serişdeleri barada deslapky maglumatlary alyşmagyň Tehniki şertlerine gol çekdi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň web-saýtynda habar berilýär.
04.02.2025
4633
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy oba hojalyk önümleriniň eksportynyň artýandygyny belleýär
2024-nji ýylda Türkmenistanyň eksport edýän harytlarynyň ep-esli bölegi oba hojalyk önümlerinden ybarat boldy. Hususan-da, ýyladyşhana pomidorlaryna degişli ýokary görkeziji bellige alyndy – 149 müň tonna.
04.02.2025
4077
Astana şäherinde Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi
2025-nji ýylyň 3-nji fewralynda Astana şäherinde Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi.