16.12.2024
7551
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýadygärlik nyşany bilen sylaglamak hakynda
16.12.2024
3431
Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň başlygyny kabul etdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «ITOCHU Corporation» kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň agzasy, ýerine ýetiriji wise-prezidenti, maşyn we enjamlar kompaniýasynyň prezidenti, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň başlygy Hiroýuki Subaýy kabul etdi.
16.12.2024
3295
Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň işewür toparlarynyň wekillerini kabul etdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmen-amerikan işewürlik maslahatyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen “Türkmenistan — ABŞ” işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuarty, “John Deere” kompaniýasynyň Merkezi Aziýada strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça ýolbaşçysy Çaba Leýkony we “Westport Trading Europe Limited” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Nikolaý Ýurçenkony kabul etdi.
16.12.2024
5200
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetiniň mejlisi
Şu gün paýtagtymyzda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetiniň 15-nji mejlisi geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin «ITOCHU Corporation» kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň agzasy, ýerine ýetiriji wise-prezidenti, maşyn we enjamlar kompaniýasynyň prezidenti, bu komitetiň ýapon böleginiň başlygy Hiroýuki Subaýyň ýolbaşçylygyndaky Ýaponiýanyň işewür toparlarynyň uly wekiliýeti ýurdumyza geldi.
16.12.2024
3894
Türkmenistan — ABŞ: Işewürlik gatnaşyklarynyň gerimi giňeýär
Şu gün paýtagtymyzda Türkmen-amerikan işewürlik maslahaty geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin “Türkmenistan — ABŞ” işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuartyň ýolbaşçylygyndaky amerikan işewürleri ýurdumyza geldi.
16.12.2024
4738
Paýtagtymyzda Eýran Yslam Respublikasynyň ýöriteleşdirilen sergisi açyldy
Şu gün Söwda-senagat edarasynda Eýran Yslam Respublikasynyň «Iran Agrofood» atly ýöriteleşdirilen sergisi öz işine başlady, şeýle hem onuň çäklerinde Türkmen-eýran işewürlik maslahaty geçirildi.
16.12.2024
11789
“Ýylyň parlak ýyldyzy” bäsleşiginiň jemleýji tapgyry
Şu gün Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda “Ýylyň parlak ýyldyzy” atly aýdym-saz bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Ol Täze ýylyň öňüsyrasyndaky däp bolan baýramçylyk çäreleriniň maksatnamasynyň ajaýyp wakalarynyň biri boldy.
16.12.2024
3006
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 4 million 167 müň dollaryndan gowrak boldy
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 13-si hasaba alyndy.
16.12.2024
3591
Pariž şäherinde «Leksikografiýada dünýäniň kartografiýasy: «Diwany lugat at-türk» eseriniň 950 ýyllygy» atly halkara maslahat geçirildi
2024-nji ýylyň 13-nji dekabrynda Pariž şäherinde ÝUNESKO-nyň Baş edarasynyň binasynda «Leksikografiýada dünýäniň kartografiýasy: «Diwany lugat at-türk» eseriniň 950 ýyllygy» atly halkara konferensiýa geçirildi.
16.12.2024
4614
«Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyndaky ajaýyp şahsyýetleriň ýadygärlikleri: Dante Aligýeri
Şu ýyl türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň hem-de onuň özüniň hormatyna Köpetdagyň eteginde paýtagtymyzyň täze «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumy dabaraly ýagdaýda açyldy. Bu iri desganyň Magtymguly Pyragynyň beýik ýadygärliginden başga-da, dürli ýurtlaryň we döwürleriň meşhur şahyrlarynyň hem-de akyldarlarynyň ýadygärlikleri ýerleşdirilen seýilgähi hem özünde jemleýändiginiň özboluşly manysy bardyr. Munuň özi halklaryň dostlugy we adamzadyň medeni-mirasynyň jebisligi babatda onuň ähmiýetini nygtaýar.