18.12.2024
4547
Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanä we ýurduň ähli halkyna Katar Döwletiniň Milli güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
17.12.2024
4248
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň “Türkmenistan — ABŞ” işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşygy
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen-amerikan işewürlik maslahatyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen “Türkmenistan — ABŞ” işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart bilen duşuşdy.
17.12.2024
6280
Türkmenistanyň Bitaraplygy — sebitde we dünýäde parahatçylyk medeniýetini pugtalandyrmagyň möhüm şerti
Geçen hepdede ýurdumyzda Halkara Bitaraplyk güni hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 29 ýyllygy giňden bellenildi. Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy ýurdumyzyň daşary syýasatynyň binýatlaýyn esasydyr. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow öz Gutlagynda Bitaraplyk syýasatynyň milli bähbitlerimize we Birleşen Milletler Guramasynyň maksatlaryna doly laýyk gelýändigini, şeýle hem ählumumy durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmegiň, parahatçylyk söýüjilikli başlangyçlary durmuşa geçirmegiň, halkara derejede wajyp meseleleri dialog arkaly çözmegiň möhüm şertidigini belledi.
17.12.2024
4269
Paýtagtymyzda frilanser bolup uzakdan işlemek başarnyklary boýunça okuw maslahaty geçirildi
2 – 7 dekabr aralygynda paýtagtymyzda ýerleşýän "Ynamly Kepil" koworking merkezinde frilanser bolup uzakdan işlemek başarnyklary boýunça gatnaşyjylar üçin okuw maslahaty geçirildi. Bu çäre USAID-iň Häzirki zaman hünärleri ösdürmek taslamasy (YDA) tarapyndan gurnaldy.
17.12.2024
4564
Bilelikde geçirilmeli çäreler amerikan «FIT International» kompaniýasynyň wekili bilen ara alnyp maslahatlaşyldy
2024-nji ýylyň 16-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçiriljek çärelere gatnaşmak maksady bilen Aşgabat şäherine gelen «FIT International» maslahat beriş kompaniýasynyň başlygy Kurt Edwards bilen duşuşdy.
17.12.2024
4416
Türkmen-ýapon özara gatnaşyklarynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
2024-nji ýylyň 16-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetiniň başlygy Raşid Meredow bilen «Itochu Corporation» kompaniýasynyň Direktorlar geňeşiniň agzasy, ýerine ýetiriji wise-prezidenti, «Maşynlar we enjamlar» kompaniýasynyň prezidenti, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň başlygy Hiroýuki Subaýyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň arasynda duşuşyk geçirildi.
17.12.2024
4236
Magtymguly Pyragynyň şygryýeti aýdym-saz sungatynda
Daşary ýurt dillerini çuňlaşdyrylyp okatmaga ýöriteleşen we mekdebe çenli çagalar bölümi bolan paýtagtymyzdaky 21-nji ýöriteleşdirilen terbiýeçilik-okuw mekdebinde Türkmenistanyň aýdym-saz sungatynda Magtymguly Pyragynyň şygryýetine bagyşlanan çäre geçirildi.
17.12.2024
4060
Aşgabatda Türkmenistanyň we Eýranyň çagalarynyň dostluk hepdeligi geçirilýär
Türkmen döwlet gurjak teatrynda Türkmenistanyň we Eýranyň çagalarynyň dostluk hepdeligi başlandy. Çäräniň dabaraly açylyşyna Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani gatnaşdy.
17.12.2024
4831
Elektron okuw toplumlarynyň bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde bilim ulgamynda Innowasion tehnologiýalar festiwaly geçirildi.
16.12.2024
4420
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň welaýatlarynda we oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işlere, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meselelere garaldy.