04.06.2024
4077
Türkmenistanyň wekiliýeti Howanyň üýtgemegi boýunça Bonn maslahatynyň işine gatnaşýar
2024-nji ýylyň 3-iýunyndan Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministriniň orunbasary N.Jumaşowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Howanyň üýtgemegi boýunça Bonn maslahatyna gatnaşýar.
04.06.2024
6603
Türkmenistanly agyr atletikaçylar Peruwda ýetginjekleriň arasynda geçirilen dünýä çempionatynda 7 medal gazandylar
Türkmenistanly agyr atletikaçylar Peruwyň paýtagty Lima şäherinde geçirilen agyr atletika boýunça ýetginjekleriň arasynda dünýä çempionatynda ýedi medal gazandylar. Ýaryşa dünýäniň 50 ýurdundan 17 ýaşa çenli 280 türgen, ýetginjekleriň we gyzlaryň arasynda hersinde agram derejesinde baýraklar ugrunda bäsleşdiler.
04.06.2024
4408
Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi Gruziýanyň Bilim, ylym we ýaşlar ministri bilen duşuşdy
2024-nji ýylyň 4-nji iýunynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi D.Seýitmämmedow bilen Gruziýanyň Bilim, ylym we ýaşlar ministri G.Amilahwariniň arasynda duşuşyk geçirildi.
04.06.2024
4388
Türkmen-katar syýasy geňeşmeleri geçirildi
2024-nji ýylyň 3-nji iýunynda Doha şäherinde Türkmenistanyň we Katar Döwletiniň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi.
04.06.2024
3742
Aşgabatda «Dikeldilýän energiýa çeşmelerine geçiş – geljegiň energiýasy» atly sergisi açyldy
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde Germaniýa Federal Respublikasynyň ilçihanasy Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk jemgyýeti (GIZ) bilen bilelikde guralan «Dikeldilýän energiýa çeşmelerine geçiş – geljegiň energiýasy» atly sergi işe başlady.
04.06.2024
5232
Türkmenistanyň talyby Durnukly ösüş maksatlar boýunça halkara olimpiadada 1-nji orny eýeledi
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň gidromeliorasiýa fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Jora Jumakulow Gazagystan-Germaniýa uniwersiteti tarapyndan guralan «Merkezi Aziýada, Owganystanda we Mongoliýada Durnukly ösüş maksatlary» atly halkara internet olimpiadasynda birinji orny eýeledi.
04.06.2024
4259
Nikolaý Artýomowiç Amiýansyň doglan gününiň 90 ýyllygyna bagyşlanan konsert
Paýtagtymyzdaky «Türkmenistan» kinokonsert zalynda Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, türkmen skripka mekdebini esaslandyryjy, ussat skripkaçy we ajaýyp halypa N.A.Amiýansyň hatyrasyna bagyşlanan konserti geçirildi.
04.06.2024
5017
Bakuda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli çäreler geçirildi
Türkmenistan Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň TYA-nyň prezidenti Allaberdi Aşyrowyň ýolbaşçylygyndaky alymlar wekiliýeti Baku şäherine bardy we ol ýerde Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilýän çärelere gatnaşyp, ylym-bilim pudagynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdy.
04.06.2024
18699
Köýtendagyň gözellikleri we täsinlikleri
Berkarar Diýarymyzyň dünýäniň jahankeşdeleriniň, bilermenleriniň ünsüni özüne çekýän täsin tebigaty bar. Adamzat durmuşynyň, ýaşaýşynyň aýrylmaz bölegi bolan tebigaty gorap saklamak, ony nesillere tämizligi bilen ýetirmek her bir döwrüň öňünde durýan mukaddes borçdur.
04.06.2024
5275
Türkmenistanyň ýaşlary Durnukly ösüş maksatlary, «Gün tertibi –2030» bilen tanyşýarlar
Her ýylyň 5-nji iýunynda bellenilýän Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününiň öňüsyrasynda BMG-niň Türkmenistandaky Ösüş maksatnamasy ýurdumyzyň talyp ýaşlary bilen duşuşyk geçirdi.