09.03.2024
4247
Türkmenistanyň Täjigistandaky Ilçihanasynda brifing geçirildi
2024-nji ýylyň 7-nji martynda Türkmenistanyň Duşenbedäki Ilçihanasy tarapyndan şu ýylyň 9-njy fewralynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň hem-de 2024-nji ýylyň 22-nji fewralynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen Halk maslahatynyň Geňeşiniň mejlisiniň jemlerine bagyşlanan brifing geçirildi.
09.03.2024
5889
Tbiliside Türkmenistanyň Ilçisi türkmen talyplary bilen duşuşdy
2024-nji ýylyň 7-nji martynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasynyň binasynda Ilçi D.Seýitmämmedow Gruziýanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim türkmen talyplary bilen duşuşyk geçirdi.
08.03.2024
10223
“Türkmenistan – Birleşen Milletler Guramasy” Strategik maslahat beriş Geňeşi döredildi
Türkmenistanyň Prezidentiniň il-ýurt bähbitli milli maksatnamalaryny we halkara başlangyçlaryny amala aşyrmak bilen bagly işleri döwrüň talaplaryna laýyk guramak hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň düzüm birlikleri bilen amala aşyrylýan taslamalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygy ulgamlaýyn esasda alyp barmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
08.03.2024
13072
Halkara zenanlar güni mynasybetli dabaralar
Şu gün Halkara zenanlar güni mynasybetli hem-de ýurdumyzyň ähli zenanlarynyň şanyna Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda aýdym-sazly dabara geçirildi.
08.03.2024
4299
Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi Iwane Jawahişwili adyndaky Tbilisi döwlet uniwersitetiniň rektory bilen duşuşdy
2024-nji ýylyň 6-njy martynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi D.Seýitmämmedow bilen Iwane Jawahişwili adyndaky Tbilisi döwlet uniwersitetiniň rektory J.Samuşiýanyň arasynda duşuşyk geçirildi.
08.03.2024
4651
Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Ilçihanasynda brifing geçirildi
2024-nji ýylyň 5-nji martynda Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Ilçihanasynda şu ýylyň 9-njy fewralyndaky Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň we 22-nji fewralyndaky Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisiniň netijelerine bagyşlanan brifing geçirildi.
08.03.2024
6036
Kiýewde Magtymguly Pyragynyň hormatyna medeni çäre geçirildi
Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenilmeginiň çäginde 2024-nji ýylyň 4-nji martynda Türkmenistanyň Ukrainadaky ilçihanasy bilen Kiýewiň Magtymguly adyndaky kitaphanasynyň bilelikde gurnamagynda “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly medeni-şahyrana çäre geçirildi.
08.03.2024
5589
Türkmen-rumyn bilim hyzmatdaşlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2024-nji ýylyň 5-nji martynda Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçisi A.Annaýew bilen Ploýeşti Nebit we gaz uniwersitetiniň rektory Alin Dinisanyň arasynda duşuşyk geçirildi.
08.03.2024
8016
Ýurt garşy alsyn!
Döwletli Diýarymyzyň ähli sebitlerinde, etraplardyr şäherlerinde gurlup ulanylmaga berilýän il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli medeni-durmuş we önümçilik maksatly binalaryň hatary barha artýar.
08.03.2024
6684
Täze ýaşaýyş jaýlary açylyp ulanylmaga berildi
Ýurdumyzda ýokary ruhubelentlige beslenip bellenilýän gözelligiň we mukaddesligiň baýramy – Halkara zenanlar gününde Lebap welaýatynyň merkezi Türkmenabat şäheriniň Zelili köçesiniň ugrunda Türkmenabat şäheriniň ýaşaýjylaryna niýetlenen 2 sany 4 gatly, her biri 24 öýli we şäher häkimliginiň işgärleri üçin bir sany 4 gatly, 24 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň dabaraly ýagdaýda açylyp ulanylmaga berilmegi täze ýaşaýyş jaýlaryna göçüp gelýän raýatlarymyz bilen bilelikde zenanlarymyzyň ajaýyp baýramçylyk sowgadyna öwrüldi.