21.02.2024
4680
Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýetiniň Ýaponiýa sapary başlandy
2024-nji ýylyň 21-nji fewralda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowanyň Ýapon-Türkmen parlamentara dostluk toparynyň Baş sekretary, Ýaponiýanyň Parlamentiniň Geňeşdarlar Palatasynyň agzasy Şimpeý Matsuşitanyň ýolbaşçylygyndaky bu ýurduň deputatlary bilen duşuşygy geçirildi.
21.02.2024
4348
Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny tutuş ýurt derejesinde baýram etmek meýilleşdirilýär
Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyny tutuş ýurtda baýram edip, giňden bellemek barada Karara gol çekdi.
21.02.2024
5070
Paýtagtymyzyň we Arkadag şäheriniň teatrlarynda görkeziljek sahna oýunlary
Dynç günlerinde paýtagtymyzyň we Arkadag şäheriniň ýaşaýjylary hem-de myhmanlary üçin gyzykly medeni çäreler garaşýar.
21.02.2024
7196
TÜRKSOÝ-da 2024-nji ýylda Änew şäheriniň türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýip yglan edilmegi we Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli geçiriljek çärelere badalga berildi
2024-nji ýylyň 20-nji fewralynda Ankara şäherinde ýerleşýän Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretariatynda, 2024-nji ýylda Änew şäheriniň türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýip yglan edilmegi, şeýle hem Beýik türkmen akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna mynasybetli taýýarlanan banneriň açylyş dabarasy geçirildi.
21.02.2024
3735
Türkmenistan deňiz bilimi pudagynda halkara hyzmatdaşlygynyň gerimini giňeltmäge çalyşýar
Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Pälwanowyň Antwerpen deňiz akademiýasynyň baş müdiri Rouen wan Şeren bilen duşuşygynda deňiz sowatlylygy we deňiz hünärmenlerini taýýarlamak boýunça hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
21.02.2024
5787
«Arkadag» futbol topary Russiýanyň «Pari NN» toparyndan üstün çykdy
«Arkadag» toparynyň futbolçylary Nižnyý Nowgorodyň «Pari NN» klubyndan 2:1 hasabynda üstün çykdy. Oýun Abu-Dabide (BAE) geçirildi, bu ýerde Wladimir Baýramowyň topary 4-nji martda başlaýan Türkmenistanyň çempionatyna taýýarlanýarlar.
21.02.2024
11704
«e-Mekdep» sanly meýdançanyň ösüşiniň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýalar-maglumat merkezinde ýurduň mekdeplerinde «e-Mekdep» bitewi sanly meýdançany ornaşdyrmak boýunça maslahat duşuşygy geçirildi.
21.02.2024
7793
«Eksport-import amallary üçin bir penjire» taslamasynyň möhleti uzaldyldy
«Eksport-import amallary üçin bir penjire» üstümizdäki ýylyň ahyryna çenli uzaldyldy.
20.02.2024
4952
Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Madhumita Hazarika Bhagaty kabul etdi.
20.02.2024
6414
Döredijilikli syýasat we netijeli hyzmatdaşlyk — Watanymyzyň okgunly ösüşiniň möhüm şerti
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we deňhukukly, netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasyny ynamly durmuşa geçirmegini dowam etdirýär.