Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň16-sy hasaba alyndy.

2025-nji ýylyň 3-nji aprelinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen Wenada Merkezi Aziýa döwletleriniň ilçileriniň we ÝHHG-niň Baş sekretarynyň duşuşygy geçirildi.

2025-nji ýylyň 2-nji aprelinde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň çäklerinde Buharest şäherindäki Rumyn daýhançylygynyň milli muzeýiniň kinoteatr zalynda Türkmenistanyň Ilçihanasynyň guramagynda türkmen kino günleriniň açylyş dabarasy geçirildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Samarkantda geçirilýän «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammitiniň mejlisinde eden çykyşynda sebitde üpjünçilik taslamalar toplumyna Ýewropa Bileleşiginiň maýa goýum taýdan täsirli gatnaşmagynyň geoykdysady we täjirçilik taýdan düýpli girdeji getirjekdigine hem-de Merkezi Aziýada ýewropa işewürliginiň uzak möhletli ornuny berkitmäge we giňeltmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

2025-nji ýylyň 4-nji aprelinde Türkmenistanyň Tokiodaky Ilçihanasy Ýaponiýanyň dostlukly alyş-çalyş geňeşi bilen bilelikde guramagynda «2025 – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna» bagyşlanan medeni forum geçirildi.
