Daşoguz welaýat tokaý hojalygynyň hünärmenleri güýzki möwsümleýin işleriň gyzgalaňly döwrüni başdan geçirýärler. Bu günler alnyp barylýan işleriň möhüm ugurlarynyň biri agaçlaryň we gyrymsy ösümlikleriň tohumlaryny ýygnamakdan ybaratdyr. Tokaýçylyk işiniň bu görnüşine aýratyn ähmiýet berilýär. Sebäbi ol geljekde sebitiň ýaşyl guşagyny dikeltmekde we giňeltmekde möhüm ähmiýete eýedir.
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ̶ bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Balkan welaýatynyň merkezi Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda guralan bäsleşik baý mazmuna, egsilmez joşguna, aýratyn ähmiýete eýe boldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň gurluşyk we senagat toplumynyň işgärlerine iberen Gutlagynda häzirki zaman milli binagärlik çözgütleriniň özboluşly aýratynlyklaryna ünsi çekdi.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Asuda akym» hojalyk jemgyýetiniň awtoulaglar we beýleki tehnikalar üçin niýetlenen «Şir ýag» hil nyşanly mineral we sintetiki ýaglaryny öndürýän önümçiligi esaslandyrdy.
3-nji noýabrda Hytaý Halk Respublikasynyň Fujou şäherinde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň «Bir guşak, bir ýol – 2026» halkara hyzmatdaşlyk forumy açylýar.