2025-nji ýylyň 17-nji aprelinde Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçisi M.Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň Baş geňeşçisi Çagry Erhan bilen duşuşdy.

2025-nji ýylyň 15-nji aprelinde Türkmenistanyň Russiýa federasiýasyndaky Konsullygynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Astrahan muzeý-goraghanasynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan tegelek stol geçirildi.

Şu gün Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa Gahryman Arkadagymyzyň gaznanyň ştab-kwartirasynda geçiren iş maslahatynda beren tabşyryklaryndan ugur alyp, Ahal welaýaty boýunça iş saparyny amala aşyrdy.

«Arkadag» toparynyň futbolçylary ýarym finalda Kuweýtiň «Al Arabi» sport klubuny ýeňip, AFK-nyň Çagyryş ligasynyň 2024/25 ýyl finalyna çykdylar.

2025-nji ýylyň 15-nji aprelinde Türkmenistanyň Horwatiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Buharest ş.) A.Annaýewiň Horwatiýa Respublikasynyň Daşary we ýewropa işleri ministri Gordon Grlik Radman bilen duşuşygy geçirildi.
