Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistan innowasiýalar we özgertmeler syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, bu ugurda uly üstünlikleri gazanýar.

2025-nji ýylyň 10-njy aprelinde Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanyp, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin brifing geçirildi.

2025-nji ýylyň 10-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde LLDC-3 taýýarlyk görmek boýunça BMG-niň ikinji baha beriş missiýasynyň netijelerine bagyşlanan brifing geçirildi.

2025-nji ýylyň 9-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanow bilen Italiýanyň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministriniň orunbasary Edmondo Çirielliniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň sekizinji maslahaty 2025-nji ýylyň 12-nji aprelinde sagat 10:00-da Türkmenistanyň Mejlisiniň binasynda geçirilýär.
