Häzirki zaman Hytaýyň ykdysady we tehnologik ösüş modeli diňe bir senagat kuwwaty bilen däl, eýsem, köpasyrlyk medeni mirasyň we sanly innowasiýalaryň arasynda döredilen synmaz sazlaşyk bilen tapawutlanýar.
Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň mejlisler zalynda Türkmenistanyň milli puly – manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 33 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Merkezi bankynyň ýolbaşçylygynda hem-de Türkmenistanyň karz edaralarynyň we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Milli merkeziniň bilelikdäki guramagynda ýurdumyzyň bank ulgamynyň işgärleriniň arasynda «Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň bank ulgamynyň özgertmeleri – durnukly ösüşiň binýady» atly hünär bäsleşigi geçirildi.
2026-njy ýylyň 30-njy oktýabrynda Türkmenistanyň DIM-inde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary A. Gurbanowyň Günorta Afrika Respublikasynyň Türkmenistandaky (oturýan ýeri Astana ş.) täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Lungisani Dominik Ntombele bilen duşuşygy geçirildi. Günorta Afrika Respublikasynyň Ilçisi özüniň ynanç hatlarynyň nusgasyny gowşurdy.
2026-njy ýylyň 30-njy oktýabrynda Daşkent şäherinde «Merkezi Aziýa we Azerbaýjan: ynama we hyzmatdaşlyga esaslanýan täze syýasy gurşaw» atly bilermen-diplomatik dialog geçirildi.
2026-njy ýylyň 29-31-nji oktýabry aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň paýtagtynda Kazan Digital Week – 2026 halkara forumy geçirilýär. Türkmenistanyň wekiliýetine Türkmenistanyň aragatnaşyk ministriniň orunbasary Berdimyrat Berdiýew ýolbaşçylyk edýär.