
2025-nji ýylyň 8-nji aprelinde BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň (UNECE) 71-nji mejlisiniň çäginde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Hojamyrat Geldimyradowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti UNECE-iň Ýerine ýetiriji sekretary Tatýana Molçan bilen duşuşdy.

2025-nji ýylyň 4-nji aprelinde Baku şäherinde Türkmenistanyň wekiliýeti Günorta gaz geçelgesiniň Maslahat beriş geňeşiniň çägindäki 11-nji ministrler mejlisine gatnaşdy.

Türkmenistanda, bütindünýä ekologiki dialogyň syýasatyny dowam etdirip, 2025-nji ýylyň 5-nji iýunynda – Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni «Uglewodorod ýataklaryny özleşdirmekde innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň ekologik jähtleri» atly halkara ylmy-amaly maslahaty geçiriljekdigi (TESC 2025) yglan edildi.

- Ýurdumyzyň Lebap welaýatynyň Gündogarynda ýerleşýän Köýtendag, Kerki, Hojambaz we Halaç etraplarynda ýüpek gurçuklaryny köpçülikleýin idetmeklige guramaçylykly girişildi.

Ajaýyp dabaralara, şanly wakalara beslenýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Balkan welaýatynyň kärendeçi daýhanlary, ýer eýeleridir mülkdarlary ak ekinlere agrotehniki talaplar esasynda göwnejaý ideg edip, bereketli hasyl ýetişdirmek ugrunda yhlasly zähmet çekýärler.
