«Arkadag» toparynyň futbolçylary ýokary liganyň toparlarynyň arasynda geçirilýän futbol boýunça 2025-nji ýyldaky Türkmenistanyň çempionatyny Türkmenbaşynyň «Şagadam» toparyny uly ýeňlişe sezewar etmek bilen başlady – 4:0.

Mýanmanyň, Bahreýniň we Bangladeşiň milli ýygyndy toparlary Kuala-Lumpurda (Malaýziýa) geçirilen zenan toparlarynyň arasynda 21-nji Aziýa Kubogy saýlama ýaryşynyň bijesinden soň türkmen futbolçy gyzlarynyň garşysyna oýnarlar, onuň final bölegi 2026-njy ýylda Awstraliýada geçiriler.

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 34-si hasaba alyndy.

Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty tarapyndan çärýekde bir gezek türkmen, iňlis, rus dillerinde neşir edilýän «Demokratiýa we hukuk» ylmy-amaly žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy.

2025-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde Malaýziýanyň Kuala Lumpur şäherinde geçiriljek Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara Forumy (TEIF 2025) maýa goýum syýasaty babatda öňdebaryjy hünärmenleri birleşdirýän möhüm waka bolar.
