11-nji aprelde Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň we «Aşgabat» teleýaýlymy bilen bilelikde guramagynda «Bitarap Türkmenistan parahatçylygyň we dostlugyň mekany» atly brifing geçirildi.

2025-nji ýylyň 11-nji aprelinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary H.Geldimyradowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti dördünji Antalýa diplomatiýa forumynyň (ADF 2025) işine gatnaşdy. Ýokary derejeli çäre Antalýa şäheriniň (Türkiýe Respublikasy) “Nest” kongresler merkezinde geçirildi. Forumyň şygary –“Böleklere bölünen dünýä diplomatiýanyň dolanmagy”.

2025-nji ýylyň 11-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Almaty şäherinde geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriniň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşdy.

2025-nji ýylyň 11-nji aprelinde Nýu-Deli şäherinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň “Magtymguly – dünýäniň akyldary” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan guralan bu çärä Nýu-Delide okaýan türkmen talyplary gatnaşdylar.

2025-nji ýylyň 11-nji aprelinde Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Konsullygynyň (Astrahan ş.) guramagynda Astrahan oblastynyň Priwolžsk raýonynyň Magtymguly Pyragy adyndaky orta mekdebinde okuwçylaryň arasynda surat çekmek boýunça geçirilen döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sowgat gowşurylyş dabarasy geçirildi.
