2026-njy ýylyň 18-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde 2028-nji ýylda Halkara hukugynyň ýylyny geçirmäge taýýarlyk görmek we ony geçirmek boýunça 2026-njy ýyl üçin çäreleriň Meýilnamasyny durmuşa geçirmek boýunça ilkinji maslahat geçirildi.
2026-njy ýylyň 17-nji fewralynda Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçihanasynyň binasynda 2026-njy ýylyň "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany" atly şygaryna bagyşlap, şeýle hem Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli çäre geçirildi. Bu çärä Rumyniýada ýaşaýan türkmen talyplary we türkmen raýatlary gatnaşdylar.
«Kompozitor» atly çeper film 2026-njy ýylyň 17-nji fewralynda Türkiýe Respublikasynda geçirilen Türkmen kinosynyň günleriniň çäginde, Ankara şäherindäki Ýaşar Kemal adyndaky Medeniýet merkezinde görkezildi hem-de baýrak gowşurylyş dabarasy geçirildi.
Paýtagtymyzyň «Ýyldyz» myhmanhanasynda öz işine başlan «Bütindünýä saglygy goraýyş çygrynda diplomatiýa boýunça ýokary derejeli dialog» atly halkara okuw maslahaty ýurdumyzyň daşary syýasatyny durmuşa geçirmekde möhüm ädim boldy.
Paýtagtymyzyň «Ýyldyz» myhmanhanasynda «Bütindünýä saglygy goraýyş çygrynda diplomatiýa boýunça ýokary derejeli dialog» atly halkara okuw maslahaty geçirilýär. Şeýle giň gerimli forumyň guralmagy Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk we ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýan döredijilikli daşary syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.