Jemgyýet
30.01.2024
6527
Türkmenistan — Germaniýa: hukuk ulgamynda hyzmatdaşlygy ilerledip
Şu gün Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynda Türkmen-german deňeşdirme-hukuk öwreniş maglumat merkeziniň açylyş dabarasy geçirildi.
30.01.2024
5135
Deňiz süýdemdirijileri barada surat bäsleşigi yglan edildi
«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýanyndaky Türkmenistanyň Çagalar gaznasy deňiz süýdemdirijileri barada surat bäsleşigini yglan etdi.
30.01.2024
6412
Döwlet gümrük gullugynda «Ýylyň gümrük nokady» we «Göreldeli gümrük işgäri» bäsleşikleriniň jemleri jemlendi
Ýurdumyzyň Döwlet gümrük gullugynda «Ýylyň gümrük nokady» we «Göreldeli gümrük işgäri» bäsleşikleriniň jemlerini jemlemek dabaralary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi.
29.01.2024
9976
Ýokary hilli suw
Öýde endige görä suw krany açylanda, gündelik durmuş üçin zerur bolan bu çeşmäniň öýlerimize sanitariýa taýdan howpsuz arassa agyz suwy bolup gelmegi üçin oňa näçe adamyň zähmetiniň siňendigi, çylşyrymly köp basgançakly inže ner-tehniki we tehnologiki enjamlaryň hem-de amallaryň amala aşyrylmagyny üpjün etmekde näçeräk energiýa çeşmelerini ulanylandygy barada pikir edýän az bolsa gerek.
29.01.2024
5263
Ýurdumyzda ýagynly howa saklanar
Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ortasynda gar gatyşykly ýagyş ýagar. Howa gijelerine -1... -3 gradusdan +2... +4 gradus aralygynda, gündizlerine +3... +5 gradusdan +11... +13 gradus aralygynda maýyl bolar.
29.01.2024
6873
FAO Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine ýardam edýär
FAO/GEF-iň «Merkezi Aziýanyň we Türkiýäniň guraklaşma we şorlaşma meýilli ekerançylyk ýerlerinde tebigy baýlyklary toplumlaýyn dolandyrmak» (CACILM-2) taslamasynyň çäginde Köpetdag döwlet goraghanasynda, biri daglyk ýerde, beýlekisi Gäwers meýdançasyndaky Garagum çölüne ýanaşyk oazis zolagynda bolmak bilen, iki sany nahalhananyň gurluşygy tamamlandy.
27.01.2024
5925
Pudagara toparyň mejlisi
Şu gün Daşary işler ministrliginde ýurdumyzyň Mejlisiniň, birnäçe ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy babatda halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilişini üpjün etmek boýunça Pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi.
27.01.2024
5935
Aşgabatdaky “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň XV ýyllygy” seýilgähi döwrebap ýagdaýa getiriler
Paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň XV ýyllygy” seýilgähiniň durky täzelener. Bu barada sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer B.Annamämmedow hasabat berdi.
27.01.2024
5366
Türkmenistnanyň Mejlisi ýurdumuzyň hukuk binýadyny has-da pugtalandyrmak bilen bagly birnäçe kanunlaryň taslamalaryny taýýarlaýar
Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan häzirki wagtda adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň goraglylygyny üpjün etmegiň hukuk binýadyny has-da pugtalandyrmak, raýat-hukuk gatnaşyklaryny kämilleşdirmek, energiýany tygşytlamak, energiýadan netijeli peýdalanmak, gidrometeorologiýa işiniň hukuk esaslaryny kesgitlemek bilen bagly Türkmenistanyň kanunlarynyň taslamalaryny taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar.