29.11.2022
6275
«Näme? Nirede? Haçan?» oýnunyň sport görnüşi boýunça ýurdumyzyň XVIII çempionatynyň netijeleri jemlendi
«Näme? Nirede? Haçan?» (NNH) oýnunyň sport görnüşi boýunça Aşgabatda geçen ýaryş dürli ýaşdaky 20 topary bir ýere ýygnady.
29.11.2022
5184
Bol önüm öndürilýär
«Balkangallaönümleri» önümçilik birleşiginiň welaýatyň Gyzylarbat etrabynyň Sarp obasynda ýerleşýän degirmenler toplumynda işler gyzgalaňly alnyp barylýar. Bu ýerde işleriň göwnejaý guralmagy netijesinde ak bugdaýyň ygtybarly saklanylmagy, onuň gaýtadan işlenilip, ýokary hilli un önümleriniň öndürilmegi doly üpjün edilýär.
29.11.2022
6518
Türkmenabadyň tejribe-synag abatlaýyş zawody: gözlegler we belent sepgitler
Oba hojalyk tehnikalary üçin zerur bolan ätiýaçlyk şaýlarynyň ýüzlerçe görnüşi ýasalýan Türkmenabadyň tejribe-synag abatlaýyş zawodynyň zähmetsöýer işçileridir hünärmenleri döredijilikli gözlegleriň we işleriň guramaçylykly ýola goýulmagynyň netijesinde ýyllyk tabşyrygy artygy bilen berjaý etmegiň hötdesinden geldiler. Şu ýylyň 10 aýynda ýyllyk meýilnamanyň 140 göterimine golaý amal edildi.
29.11.2022
6546
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň adam hukuklaryny goraýan milli institutlaryň Sebitleýin maslahaty geçirildi
Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil – Adalatçy Ýazdursun Gurbannazarowa, Adalatçynyň diwanynyň wekili we Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Adam hukuklaryny we azatlyklary goramak baradaky komitetiň başlygy Stambulda geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň adam hukuklaryny goraýan milli institutlaryň Sebitleýin maslahatyna gatnaşdylar.
29.11.2022
7536
Çalt we blis-küşt boýunça Türkmenistanyň çempionlary mälim boldy
Aşgabat şäherindäki Küşt we şaşka mekdebinde erkekleriň we zenanlaryň arasynda rapid hem-de blis-küşt boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi. Küşdüň şu görnüşleri (çalt we blis-küşt) boýunça resmi çempionatynyň ýurdumyzda ilkinji gezek geçirilýändigini bellemek gerek.
29.11.2022
6402
Türkmenistanyň mekdepleriniň we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň arasynda geçirilen ekologiýa bäsleşiginiň jemi jemlendi
Türkmenistanyň Prezidentiniň eziz Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek syýasatyndan ugur alyp, Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň arasynda «Bagy-bossanlyga we gülzarlyga beslenen iň gowy mekdep» we «Bagy-bossanlyga we gülzarlyga beslenen iň gowy çagalar bagy» atly bäsleşik geçirdiler.
28.11.2022
5035
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň sebitlerinde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
28.11.2022
3800
Türkmenistanyň Prezidenti Türki medeniýetiň halkara guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultan Raýewi kabul etdi.
28.11.2022
21724
Türkmenistanda dünýä halklarynyň aýdym-saz sungatyna bagyşlanan halkara forum geçirilýär
Şu gün Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde “Milli aýdym-saz sungaty dünýä halklarynyň mirasynda” atly halkara festiwal we maslahat öz işine başlady.
28.11.2022
5149
Ýurdumyzda gijelerine howa sowar
Senenama laýyklykda gyşyň başlanmagy bilen ýurdumyzda aram salkyn howa bolar. Howanyň ortaça temperaturasy gündizlerine +18 gradus bolar. Hepdäniň dowamynda gijelerine howa sowar. Daşoguz welaýatynda gijelerine howanyň temperaturasy -7 gradusa ýeter diýlip çak edilýär. Mundan başga-da, käbir ýerlerde ýagyş ýagmagy mümkin.