24.09.2021
19393
Türkmenistanlylar raýatsyzlyk mowzugy boýunça sebit bäsleşigine gatnaşmaga çagyrylýar
Mekdep okuwçylary we talyplar üçin «1961-nji ýylyň Raýatsyzlygy azaltmak baradaky Konwensiýasynyň ähmiýeti» atly raýatsyzlyk mowzugy boýunça ikinji sebit bäsleşigi üçin arzalar kabul edilip başlandy. Ol Gazagystanyň Al-Farabi adyndaky milli uniwersiteti we Bosgunlar boýunça Merkezi Aziýa ulgamy bilen hyzmatdaşlykda BMG-niň bosgunlar işi boýunça Ýokary Komissarynyň Merkezi Aziýadaky Müdirligi tarapyndan geçirilýär.
24.09.2021
7723
Ermenistan türkmen halkyny garaşsyzlygyň 30 ýyllygy bilen gutlaýar
Ýurdumyzyň garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Ermenistandaky (Ýerewan şäheri) diplomatik wekilhanasy fleş-mob geçirýär. Netijede, ermeni paýtagtynyň ilaty we myhmanlary şäheriň merkezi köçeleriniň ugrunda oturdylan uly ekranlarda türkmen baýdagyny görerler.
24.09.2021
8560
Kerwenbaşylaryň baýramy
Dünýä 24-nji sentýabrda kerwenbaşylar baýramyny belleýär. Bu babatda internetde kimdir biri degşip, şeýle baýram girizmegi teklip edipdir diýen pikir bar. Näme bolanda-da, 26 ýyl mundan ozal ulag-ýük amallaryny düzgünleşdirmek boýunça halkara assosiasiýasy (ICHCA) ony kanunlaşdyrypdyr.
23.09.2021
5932
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisindäki sanly ulgam arkaly çykyşy
Ilki bilen, jenap Abdulla Şahidi Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisiniň Başlygy wezipesine saýlanylmagy bilen gutlamaga hem-de oňa bu jogapkärli wezipede üstünlikleri arzuw etmäge rugsat ediň! Jenap Şahid, Türkmenistanyň Size hemmetaraplaýyn ýardam we goldaw berjekdigine ynandyrýaryn.
23.09.2021
4373
Döwlet Baştutanymyz Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hasabyna 10 sany «Tiz kömek» awtoulagy bermegi belledi
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň saglygy goraýyş edaralarynyň tiz kömek awtoulaglary bilen üpjünçiligini has-da gowulandyrmak we ilatymyza edilýän tiz saglygy goraýyş kömeginiň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi.
23.09.2021
7520
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlisinde sanly ulgam arkaly çykyş etdi
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýorkda ýerleşen BMG-niň Ştab-kwartirasynda geçen hepdede açylan 76-njy mejlisinde sanly ulgam arkaly çykyş etdi.
23.09.2021
23669
«Gül-Bilbil» operasy
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramyna bagyşlanyp Magtymguly adyndaky Milli sazly-drama teatrynyň sahnasynda kompozitor Hudaýnazar Amangeldiýewiň «Gül-Bilbil» operasy ýerine ýetiriler. Opera esas edilip şu ýyl 300 ýyllyk ýubileýi bellenilýän Abdylla Şabendäniň dessany alyndy.
23.09.2021
20307
Saud Arabystany Patyşalygy TOPH gaz geçirijisini goldaýar
Saud Arabystany Patyşalygy Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşyk taslamasyny goldaýar. Bu barada Patyşalygyň Ilçisi Said Osman Ahmed Suweýd Saud Arabystany Patyşalygynyň yglan edilen güni mynasybetli Aşgabatda «Neýtralnyý Turkmenistan» gazetinde çykyş edende mälim etdi.
23.09.2021
12693
Ahalda täze jaýlaryň sany artýar
Türkmenistanyň 30 ýyllyk toýy toýlanmagynyň bosagasynda Ahal welaýatynda ýene-de täze gurlan jaýlar ulanylmaga berildi. Mysal üçin, 48 öýli dört gatly jaý Ahal welaýat polisiýa müdirliginiň we onuň bölümleriniň işgärleri üçin Aşgabadyň «Demirbetonönümleri» kärhanasy tarapyndan doly taýyn edilip tabşyryldy.
23.09.2021
33319
«C5+1» formatynyň çäklerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we ABŞ-nyň duşuşygy geçirildi
2021-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisiniň çäklerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we ABŞ-nyň «C5+1» formatyndaky onlaýn duşuşygy geçirildi. Bu barada DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.